BIZNES

Dünýäniň iň gymmat brendi

ABŞ-nyň “Apple” kompaniýays dünýäniň iň gymmat brendleriniň sanawynda birinji orny eýeledi. Bu barada “BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands” sanawynda bellenilip geçilýär.

Hasabata görä, “Apple” kompaniýasynyň bahasy 55 göterim ýokarlanyp, 947 milliard dollara ýetdi. Bu sanawda ikinji orunda “Google” kompaniýasy bolup, onuň bahasy 820 milliard dollara deňdir. Geçen ýylyň birinjisi “Amazon” kompaniýasynyň bahasy bary-ýogy 3 göterim artdy. Bu kompaniýa üçünji orunda galyp, onuň gymmaty 705,6 milliard dollara deňdir.

Bu sanawda dünýäniň öňdebaryjy 100 gymmat brendleriniň ady we olaryň jemi gymmaty beýan edilýär. Olaryň gymmaty 23 göterim artyp, 8,7 trillion dollara deň boldy. Hasabat döwründe iň çalt ösen brend “Cartier” bolup, onuň gymmaty 88 göterim artyp, 10 milliard dollar ýokarlandy.

“Apple” 2022-nji maliýe ýylynyň birinji çärýeginde girdejisi 11 göterim artdy. Kompaniýa 123,9 milliard dollar girdeji gazandy. Arassa girdejisi bolsa, 20 göterim ýokarlanyp, 34,6 milliarda deň boldy.

 

Ulag boýunça türkmen-eýran hökümetara toparyny döretmek teklip edildi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň işewürler toparynyň Beýik Britaniýa saparynyň birinji güni

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň kompaniýalary “Agro Pack Turkmenistan-2026” halkara sergisine gatnaşdylar

«Türkmennebit» we «Petronas» täze maýa goýum taslamalary boýunça Teswirnama gol çekdiler

Aşgabatda Türkmenistan bilen “Petronas” kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy bellenildi

Waşingtonda türkmen-amerikan işewürlik hyzmatdaşlygy boýunça assosiasiýasy döredildi

Türkmenistanda düýe ýüňünden we geçi çöpürinden ýüň ýüplük öndüriler