JEMGYÝET

Dünýäniň iň agyr mangosy ýetişdirildi

Dünýäniň iň agyr mangosy Kolumbiýanyň oba hojalyk fermalarynyň birinde ösdürilip ýetişdirildi. Kolumbiýaly fermerleriň ösdürip ýetişdiren mangosy agramy boýunça rekord goýdy.

Ginnesiň rekordlar kitabynyň habaryna görä, mangonyň agramy 4 kilogramdan gowrakdyr. German Orlando we Reýna Mariýa Kolumbiýanyň Boýaka departamentiniň Guaaýata şäheriniň San-Martin fermasynda mangonyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Olaryň ýetişdiren 4,25 kilogram agramyndaky mangosy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Bu ägirt uly miwe Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan hasaba alyndy. Kitapda hasaba alnandan soňra bu miwe kesilip iýlipdir.

Mundan ozal iň agyr mango 2009-njy ýylda Filippinlerde ösdürilip ýetişdirilipdi. Onuň agramy 3,435 kilograma deň bolupdy.

Koronawirusa garşy spreý taýýarlandy

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri