TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Dünýäde döredilen ilkinjiler

Dünýäde ýazylan ilkinji smsi 1992-nji ýylda Angliýada Neil Papworth dosty Riçard Jarwise iberdi. Papwors kompýuterinden dosty Jarwisin orbital 901 modelli telefonyna  iberen “ bagtly ýaşa” smsi taryhda ilkinji gezek ugradylan sms boldy.

Dünýäde ilkinji “=” belgisi  1557-nji ýylda Londanda ulanylypdyr.  Matimatik  Robert Rekord 1557-nji ýylda taýýarlan kitabynda “=” belgisini ulanypdyr. Bu belgi dünýäde ilkinji gezek ulanylypdyr. Näme üçin iki çyzygy deňdir diýip ulanandygyny soranlarynda “Biri-birine  parallel iki çyzykdan  başga deňlik göz öňüne getirp bolmaz” diýip jogap beripdir.

Dünýäde ilkinji döredilen sözlük“Iň kyn iňlis dilinde  sözleriň  dogry şekilde ýazylmagy  we dogry düşnülmegi öwreden elipbiý tertibi” ady bilen 1604-nji ýylda Angliýada neşir edildi.  Dünýäde ilkinji iňlisçe sözlük mugallym Robert Kodreý tarapyndan ýazylýar. Bu iňlisçe sözlükde 3000den gowrak söz bardyr.Kitap häzirki wagta çenli Oxford kitaphanasynda saklanýar.

Wan Goguň çeken suraty auksiona çykýar

 

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle