SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Dünýäde 5 milliard doza sanjym edildi

Tutuş dünýäde koronawirus ýokanjyna garşy 5 milliard doza sanjym edildi. Bu barada “Ourworldindata.org” internet neşirinde habar berilýär.

Şol neşirdäki soňky maglumatlara görä, iň köp sanjym Hytaýda edildi. Bu ýurtda 1 milliard 960 million doza sanjym uruldy.

Umuman, koronawirus ýokanjyna garşy sanjym tutuş dünýäde dowam edýär we bu baradaky hasabat yzygiderli üýtgäp dur. Sanjym doza boýunça hasaplanyp, ol adam sanyny görkezmeýär.

Doza boýunça iň köp sanjym amala aşyrylan ýurtlaryň sanawy şeýle:

Hindistan – 582 mln 240 müň., ABŞ – 363 mln 270 müň., Braziliýa – 178 mln 550 müň., Ýaponiýa – 118 mln 310 müň., Germaniýa – 99 mln 630 müň., Indoneziýa – 89 mln 830 müň., Türkiýe – 89 mln 812 müň., Beýik Britaniýa – 89 mln 500 müň., Fransiýa – 83 mln 940 müň., Meksika – 80 mln 890 müň., Russiýa – 76 mln 960 müň., Italiýa – 75 mln 620 müň., Ispaniýa – 63 mln 590 müň., Kanada – 52 mln 510 müň.

“Worldometers” saýtynyň habaryna görä, “COVID-19” ýokanjy bilen kesellänleriň sany 213 mln 359 müňe ýetdi.

 

Gysga möhletli okuwa çagyrýar

Ýene-de okaň

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy

Türkiýede hasyl möwsüminde zeýtun baýramy

Türkiýäniň ýüze çykarylan taryhy gymmatlyklary

Ata Watan Eserleri

Balkanda we Lebapda 150 orunlyk, Maryda 200 orunlyk onkologiýa hassahanasy gurlar

Özbegistanda syýahatçylygyň täze görnüşleri ornaşdyrylar