TEHNOLOGIÝA

Dünýädäki ilkinji TikTok fakulteti Ukrainada açyldy

Ukrain aýdymçysy we tiktoker Mihail Poplawskiý Kiýew Medeniýet we sungat uniwersitetinde TikTok fakultetini açdy. Ol bu barada özüniň “Instagram” sahypasynda habar berdi.

Bu fakultet diňe bir Ukrainada däl, eýsem, dünýä boýunça ýeketäkdir. Poplawskiniň pikiriçe, gelejek internet ulgamlaryna degişli bolar, şonuň üçin ýaşlara internet ulgamlary bilen işlemegi öwretmelidir.

«Maksadym, TikTok-y ukrainalaşdyrmak, ýurduň täze taryhyny döretjek dörediji we geljegi uly ýaşlary yzymdan alyp barmak. Biz noldan başlarys we okuwy gutaranyňyzdan soň diploma eýe bolarsyňyz» diýip, ol bu başlangyjy delillendirdi.

Fakultetde okamak uniwersitetiň ähli talyplary üçin mugt bolar.

Mihail Poplawskiý 1993-nji ýyldan 2015-nji ýyla çenli Kiýew medeniýet we sungat milli uniwersitetiniň rektory bolupdyr.

Dünýäniň iň täsirli 100 adamy

 

Ýene-de okaň

Türkiýäniň “Türksat 6A” aragatnaşyk hemrasy uçuryldy

Hytaýyň awtomobil kompaniýasy Türkiýede elektrikli awtomobil öndürer

BMG Baş Assambleýasy Hytaýyň emeli intellekt teklibini kabul etdi

«Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar

“Sanly çözgüt — 2024”: emeli aň ugry hem girizildi

“Meta” bilen “Apple” emeli intellekt boýunça hyzmatdaşlyk eder