DÜNÝÄ

ABŞ-nyň 46-njy prezidenti kim bolar?: Baýden ýeňşe golaýlady

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 3-nji noýabrynda ABŞ-da prezident saýlawlary geçirildi. Bu saýlawlar esasan hem iki dalaşgäriň – ýurduň häzirki Prezidenti, Respublikanlar partiýasynyň dalaşgäri Donald Tramp bilen Demokratlar partiýasynyň dalaşgäri Jo Baýdeniň arasynda geçýär.

ABŞ-da 59-njy prezident saýlawlary geçirildi. Saýlawçylary ýurduň 46-njy prezidentini saýlamak üçin hem poçta arkaly hem-de saýlaw okruglaryna baryp, ses berdiler. Ses berişlik koronawirus ýokanjy sebäpli 2 görnüşde geçirildi. Saýlawçylaryň poçta arkaly ses berendigi üçin sesleriň sanamak işi birneme uzaga çekdi. Şonuň üçin ştatlar boýunça sesleri sanamak işi Newada, Arizona, Pensilwaniýa, Demirgazyk Karolina we Jorjiýa ştatlarynda galdy.

BAÝDENIŇ ÝEŇIŞ GAZANMASY ÜÇIN 6 DELAGATYŇ SESI GEREK

Aşgabat wagty bilen 18:30 töwereginde ABŞ-nyň metbugatynyň soňky maglumatyna görä, Demokratlar partiýasynyň dalaşgäri Jo Baýden saýlawçylaryň 73 million 496 müň 027-siniň (50.5%) sesini alyp, delegatlaryň hem 264-siniň goldawy alyp öňde barýar. Onuň garşydaşy Prezident Tramp 69 million 631 müň 958 saýlawçynyň (47.9%) sesini alyp, delagatlaryň 214-siniň goldawyna eýe boldy.

270 delegatyň goldawyny alan dalaşgär ýurduň prezidenti bolar. Muňa Jo Baýden barha golaýlady. Oňa delegatlaryň 264-si ses berdi.

Ýurduň metbugatynyň soňky habaryna görä, Baýden Jorjiýa ştatynda Donald Trampdan öňe saýlandy. Bu hem oňa ýeňiş getirip biler. Sebäbi Jorjiýa ştatynda delegatlaryň sany 16, Baýden üçin bolsa bary ýogy 6 delegat ýeterlik. Bellemeli zat, Baýden Newada ştatynda hem öňde barýar, bu ştatyň delagatynyň sany 6 bolup, ol hem Baýdeniň ýeňiş gazanmagyna ýetýär.

Habary saýta giremizden soňraky üýtgän resmi bolmaýan maglumatlara görä, ýagny Aşgabat wagty bilen 19:00-daky  ýagdaýa görä, Baýdan 20 delegata eýe bolan Pensilwaniýa ştatynda hem öňe geçdi.

ABŞ-nyň 45-nji Prezidenti Donald Tramp 2016-njy ýylyň noýabrynda saýlawlarda ýeňiş gazanyp, 2017-nji ýylda prezidentlik wezipesine girişipdi.

Saýlawlaryň netijesi mälim edilenden soňra ýeňiş  gazanan dalaşgär 2021-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda kasam kabul edip, 2024-nji ýyla çenli ýurdy dolandyrmak wezipesine resmi taýdan girişer.

 

Beýleki habarlar

Baýden ýeňiji bolarmy: Prezident saýlawlary boýunça soňky maglumatlar

ABŞ-nyň täze prezidenti kim bolar?

ABŞ-da prezident saýlawlary: Ştatlar boýunça sesler sanalýar

ABŞ-da prezident saýlawlary

Dünýäni gyzyklandyrýan saýlaw:  wagtyndan öň ses bermekde rekord

 

 

Saýtymyzdaky habarlary aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň! Ýa-da Google Plaý-dan “Atavatan Turkmenistan” gözleg edip bilersiňiz.

Ýene-de okaň

Mihail Mişustin gaýtadan Russiýanyň Premýer-ministri boldy

Türkmenistan bilen Gyrgyzystan elektrik energetika hyzmatdaşlygyny ösdürer

Ata Watan Eserleri

Putin Mişustini premýer-ministr wezipesine hödürledi

Abu-Dabide XIII Halkara maýa goýum forumy geçirildi

Türkmenistanda Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy dabaraly bellenildi

Türkmenistanyň we Türkiýäniň gümrük gulluklarynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy