SPORT

Dünýä çempionaty ilkinji gezek 3 ýurtda geçiriler

Futbol janköýerleriniň uly sabyrsyzlyk bilen garaşýan futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljek ýeri hem köpleri gyzyklandyrýar. 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljek şäherleri belli boldy. Bu barada Halkara futbol federasiýasy (FIFA) habar berýär.

Ilkinji gezek bu çempionat 3 ýurtda hem-de 48 ýurduň milli ýygyndysynyň gatnaşmagynda geçiriler: ABŞ. Kanada we Meksika. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Los-anjeles, Maýami, Boston, Atlanta, Dallas, Kanzas-Siti, Hýuston, Sietl, San-Fransisko, Filadeilfiýa we Ist-Raterford şäherlerinde futbol duşuşyklary geçiriler.

Şeýle hem bu çempionatyň käbir duşuşyklary Meksikanyň Gwadalahare, Mehiko we Monterre şäherlerinde, Kanadanyň bolsa Toronto we Wankuwer şäherlerinde oýnalar.

Çempionatyň final duşuşygynyň geçiriljek ýeri soňra kesgitlener. 2026-njy ýylda dünýä çempionatyna 48 ýurduň milli ýygyndysy gatnaşar. Mundan ozalky dünýä çempionatlaryna 32 döwletiň ýygyndysy gatnaşýardy.

2022-nji ýylda, ýagny şu ýyl futbol boýunça dünýä çempionaty ilkinji gezek Ýakyn Gündogarda Katar döwletinde geçiriler. Bu çempionat hem ozalkylaryndan tapawutlylykda, tomus paslynda däl-de, gyş paslynda geçiriler. Katarda howalaryň aşa yssy bolýandygy nazarda tutulyp, çempionaty noýabr-dekabr aýlarynda geçirmek göz öňünde tutuldy.

 

 

NBA-nyň çempiony belli boldy

Ýene-de okaň

Hytaýda 19-njy Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi

ХIХ Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň baýdagy galdyryldy

Nagelsmann Germaniýanyň ýygyndysyna tälim berer

Türkiýäniň milli ýygyndysyna täze tälimçi bellendi

“Arkadag” topary nobatdaky ýeňşini gazandy

AFK-nyň Çempionlar ligasy: “Ahal” ýeňiş bilen başlady