SPORT

Döwletjan Ýagşymyradowyň garşydaşy üýtgedildi

Garyşyk söweş sungaty boýunça türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow “Bellator MMA” ýaryşynyň çäklerinde 3-nji tutuluşygyna çykar.

“Bellator” wekilleri Döwletjanyň ozalky kesgitlenen garşydaşy Toni Jonsonyň şikes alandygy sebäpli tutuluşyga çykmakdan boýun gaçyrandygy sebäpli onuň ýerine ozalky “Bellator” empiony Rafael Karwalýony belledi.

Şeýlelikde, Ýagşymyradow – Karwalýo tutuluşygy 15-nji aprelde San-Hose şäherinde “SAP Center” merkezinde geçiriler.

Döwletjan Ýagşymyradow professional karýerasynda 24 tutluşyk geçirdi we olaryň 18-sinde ýeňiş gazandy. Galyberse-de, 15 tutluşygynda wagtyndan öň garşydaşyny ýeňmegi başardy.

Rafael Karwalýo 22 tutluşyk geçirip, 16 tutulşykda ýeňiş gazandy we 6 tutluşykda ýeňlişe sezewar boldy.

 

“Ahal” topary Çempionlar ligasyna ÅŸowly baÅŸlady

Related posts

“Al-Nasr” topary UEFA-nyň Çempionlar ligasyna çagyrylarmy?

“Taňrynyň eli” ady bilen meşhur bolan pökgi 3,35 million dollara satyldy

Ronaldonyň dünýä çempionatyndaky nobatdaky rekordlary