JEMGYÝET

Döwlet howpsuzlyk geňeşi: ýolbaşçylar wezipä bellendi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda guramaçylyk meselelerine seredildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

  • Begenç Gündogdyýew – Türkmenistanyň goranmak ministri wezipesine bellenildi
  • Batyr Atdaýew – Türkmenistanyň baş prokurory wezipesine bellenildi.
  • Gurbanmyrat Annaýew – Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri wezipesinde bellenildi.
  • Ýazgeldi Nuryýew – Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy wezipesine bellenildi.
  • Merettagan Taganow – Türkmenistanyň adalat ministri wezipesine bellenildi.
  • Maksat Hudaýkulyýew – Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy wezipesine bellenildi.
  • Nazar Atagaraýew – Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesine bellenildi.
  • Guwançmyrat Ussanepesow – Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy wezipesinde galdyryldy.

 

Täze içeri işler ministri wezipä bellenildi

Ýene-de okaň

Araş, Mot we Semicenk Aşgabatda Täze ýyl konsertlerini bererler

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji sergisi – türk eksport harytlarynyň sergisi

“Napoli” Italiýanyň Superkubogyny gazandy

Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» kitabyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyşy geçirildi

Putin: Russiýa 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegine goldaw bermäge taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy