TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Dostlukly gatnaşyklaryň aýdyň ýoly

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen alyp barýan diplomatik gatnaşyklary günsaýyn ösdürilýär. Şolaryň biri hem ýurdumyzyň ýakyn goňşusy Özbegistan Respublikasydyr.

Ynha, ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna Özbegistan Respublikasynyň Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetiniň kitaplary sowgat berildi. Şu ýylyň 2-nji iýulynda bolsa, institutda sowgat berlen kitaplarynyň sergisi geçirildi. Sergide özbek halkynyň taryhy, daşary syýasaty we diplomatiýasy, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň kitaplary we beýleki dürli görnüşli kitaplar görkezildi.

Ýeri gelende bellesek, 2015-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen  Özbegistan Respublikasynyň Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekilipdi.  Özbegistanyň ýokary okuw mekdebiniň sowgat beren gymmatly kitaplary bolsa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň barha berkeýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Aýlar ATAJYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

 

 

«Senagat»: bankyň hasabyndaky bina satylýar

Ýene-de okaň

 Dessanlarda ýer-ýurt atlary

Ata Watan Eserleri

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda tejribeleri öwrenmek işi

Ata Watan Eserleri

VI Hazar sammiti halkara media giňişliginde

Ata Watan Eserleri