SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Delta” warianty öz-özüni ýok edip başlady

Ýaponiýaly gözlegçiler ýaňy-ýakynda ýurtdaky keselleriň sanynyň birden azalandygyny gözden geçirende möhüm netijäniň üstünden bardylar. Pandemiýa döwründe çalt ýaýran we hopwly hasap edilen “Delta” wariantynyň köp mutasiýa sebäpli täsirsiz ýagdaýa öwrülýändigi anyklandy.

Dünýäde agdyklyk eden koronawirusyň “Delta” görnüşiniň öz-özüni ýok edip biljekdigi we muny eýýäm Ýaponiýada amala aşyrandygy mälim edildi. “Japan Times” gazetine beýanat beren alymlaryň pikirine görä,, üç aý mundan ozal has ýokançly bolan “Delta” warianty erbet täsir eden hem bolsa, häzirki wagtda Ýaponiýada günde diňe 140 sany adamda kesel ýüze çykýar. Awgust aýynda kesellän adamlaryň sany 23 müňe ýetipdi. Şondan bäri sanlar ep-esli azaldy, mysal üçin, paýtagt Tokioda, geçen hepdäniň anna güni bary-ýogy 16 sany kesellän adam hasaba alyndy.

Deltanyň ýokaşma derejesiniň duýdansyz peselmegi baradaky çaklamalaryň biri, dowamly mutasiýa wirusy hereketsizleşdirýär. Mutasiýa wirusy hasam güýçlendirip bilýän bolsa-da, köpelip barýarka öz-özüni ýok etmek mümkinçiligine hem sezewar bolýar.

Mişimadaky Milli genetika institutynyň genetika professory Ituro Inoue “Japan Times” gazetine beren interwýusynda: “Ýaponiýadaky “Delta” wariantynyň ýokaşma güýji gaty ulydy. Ýöne mutasiýa geçmegi bilen wirusyň özüni köpeldip bilmejekdigine ynanýarys” – diýdi.

Şol bilim edarasynyň biomedikal ylymlar we biomedikal inženerçilik kafedrasynyň müdiri Dr. Simon Klark hem aşa köp mutasiýa wirusyň ölmegine sebäp bolup biljekdigini aýtdy. Klark: “Wirus gaty köp mutasiýa geçýär we bir nokatdan soň köpelmeýär”- diýip, çykyş etdi.

 

Gara gyÅŸ geldi

Ýene-de okaň

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!