TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Gara gyş geldi

«Mizanyň agzy ýazly, akrabyň agzy aýazly» diýen pähimli sözi öz nesillerine miras galdyran pederlerimiziň mamladygyna şu ýyl ýene-de bir gezek göz ýetirdik. Akrap döwründe ýurdumyzyň köp ýerlerinde howa gijelerine sowap, gök ekinlere öz täsirini ýetirdi. «Akrapda urmasa, ahyrýetde-de urmaz» diýen pähime eýerip ekin ekýän daýhan bu ýyl tebigatyň gazabyny çekmeli boldy.

Ine, indi bolsa gara gyş döwri ýetip geldi. Gyş paslynyň maldar üçin synag, daýhan üçin taýýarlyk döwri bolýandygy sebäpli, ata-babalarymyz gyşy dört bölege bölüpdirler: gara gyş, uly çille, kyrk çille we kiçi çille. Gyşyň şeýle böleklere bölünmegi bu paslyň birnäçe häsiýetleri bilen baglanyşyklydyr. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde makala ýerleşdirilipdir.

Gara gyş gyşyň ilkinji on bäş gününi öz içine almak bilen, 22-nji noýabrdan 7-nji dekabra çenli dowam edýär. Ata-babalarymyzyň bu döwri gara gyş diýip atlandyrmagynyň özboluşly sebäbi bar. Şundan çen tutsak, onda gara gyş aňzakly sowuk diýmekdir. Sebäbi güýzüň maýyl, jana ýakymly howasy entek pikir edip ýetişmänkäň, duýdansyz ýagdaýda öz ornuny gara gyşyň çygly, sowuk günlerine berýär. Altyn güýzüň mylaýym howasynyň eşretinden ganyp ýörkäň, birden başlan sowuk we çygly howa öwrenişäýmek kyn bolýar. Bu ýyl sowuk howanyň ýurdumyza adaty ýyllardakydan irräk aralaşmagy bilen, güýz pasly entek doly tamamlanmanka, öz ornuny gyşa bermeli boldy.

Dogrusy, bu ýagdaýy biz tebigatdaky birnäçe jandarlaryň hereketinden, baglaryňdyr ösümlikleriň reňkinden we ýapraklaryny döküşinden hem bilýäris. Synçy ata-babalarymyz bu babatda köp sanly gözegçilik tejribelerini miras galdyrypdyrlar, ýagny durnalar günorta tarapa ir uçup geçseler, şol ýyl gyş ir düşýär we dowamly bolýar. Eger-de olar aram-aram ýerde düşläp, haýal uçup geçse, şol ýyl gyş giç düşýär. Garynjalar hem gyş ir düşjek bolsa, irgözinden hininiňagzyna gum üýşürip başlaýarlar.

Gara gyşyň ýene-de bir häsiýeti bar, ol hem onuň gyşyň gazaply we synag döwrüdigini duýdurmak häsiýetidir. Bary-ýogy 15 gün dowam edýän gara gyşyň içinde maýyl günler hem bolýar. Ine, şol günlerde ýygnalmadyk ekiniňi, meýdanda galan ot-çöpüňi, malyňy dessine ýygnamagyň aladasy bilen bolmaly. Sözümizi jemläp aýdanymyzda, gara gyş güýz we gyş paslynyň arasyndaky geçiş döwrüdir. Onuň dowam edýän günlerine güýzüň-de, gyşyň-da häsiýetleri mahsusdyr.

 

Dünýäniň iň garry ýaşaýjysy aradan çykdy

Ýene-de okaň

Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogy geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günä geçişlik

Teswirle