MEDENIÝET

«Daşsaraý» kerwensaraýy barada

Gündogar Türkmenistan arhitektura ýadygärlikleri bilen taryhçylaryň we alymlaryň ünsüni özüne çekip gelýär. Kerki etrabyndaky XI-XII asyrlara degişli bolan Astanababa kümmeti, onuň golaýyndaky Hoja Alamberdaryň aramgähi we Kerki şäherindäki kerwensaraýlar häli-häzirlerem gadymyýetiň ýaňy bolup, bize geçmişimizi ýatladyp dur.  Bu barada “Türkmenistan” gazetinde makala çap edilipdir.

«Kerki» taryhy-medeni döwlet goraghanasy tarapyndan goralýan bu ýadygärlikleriň käbiri has gowy saklanyp galypdyr. «Daşsaraý» kerwensaraýy-da şolaryň biri. Oňa «Daşsaraý köşgi» hem diýýärler. Ony gurduran tüçjar täjir Paýzylla Hoja bu binanyň içinde örän köp maksatlary göz öňünde tutupdyr. Kerwensaraý alys ýurtlardan gelýän kerwenleri kabul etmek we ugratmak, geçginli harytlaryň söwdasyny guramak, täjirleriň dynç alşyny üpjün etmek üçin zerur bolan jaýlary öz içine alypdyr.

Iki gatdan ybarat bolan bu kerwensaraýyň gündogar derwezesinde agyr ýükli kerwenler garşylanyp, başga bir derwezeden ugradylypdyr. Kerwensaraýyň içinde giň meýdança bolup, onda kerweniň ýüki düşürilipdir. Ýüki saklar ýaly ýörite jaýlar, ammarlar bolup, olar hyzmatkärler bilen üpjün edilipdir. Kerwensaraýyň di­ňe girelge derwezesi saklanyp galypdyr. Ymaratyň daşky diwarlarynyň öň ýüzi, uly girelge derwezesiniň üstündäki aýmançasy, içerki bassyrmaly eýwanlaryň öň tarapy XIX asyr binagärlik sungatynyň iň gowy çeperçilik nusgalary bilen nepis bezelipdir. Kerwensaraý, esasan, iki ganatdan, iki gatdan ybarat bolup, günorta ganatynyň uzynlygy 68,5 metr, gündogar ganatynyň uzynlygy bolsa 78,25 metre barabar bolupdyr. Bassyrmaly eýwanlar üçin ýogyn dört gyraň­ly birmeň­zeş agaç sütünler, galyň agaç tagtalar, germewler ulanylypdyr. Ymaratyň ikinji gatyna ýörite daş we agaç basgançaklar bilen çykyp, şäheri synlar ýaly ýörite aýmançalar edilipdir. Şol döwürde bu ymaratyň öňünden geçýän köçe «bazar köçe» diýlip atlandyrylyp, onuň iki gyrasynda söwda dükanlary ýerleşipdir.

Aslynda, Kerki şäheri Beýik Ýüpek ýolunyň gündogar şahasynyň ugrunda we Amyderýanyň üstünden Kerki — Kerkiçi möhüm geçelgesiniň çäginde ýerleşmek bilen möhüm ähmiýete eýe bolupdyr. Hut şonuň üçin-de, bu gadymy şäherde gündogardan we günbatardan gelýän kerwenleri kabul etmek üçin ululy-kiçili kerwensaraýlaryň 10-dan gowragy bolupdyr.

Daşsaraý kerwensaraýy XIX asyryň ahyrlarynda gurlupdyr. Soň­ky döwürde bu ymaratyň birnäçe ýerlerinde rejeleýiş we abatlaýyş işleri geçirildi. Esasy girelgäniň depesinde goýlan we tal agajyndan haşamlanyp ýonulan pürsler üstünden 130 ýyla golaý wagt geçse-de, üýtgemän dur. Dürli tebigy täsirler we uzak wagt bu ymarata onçakly zyýan ýetirip bilmändir. Onuň daşky we içki gurluşy häli-häzirlerem şol başky görnüşini saklaýar. Ýeri gelende aýtsak, arhitektura ýadygärligine öwrülip, häzirki wagtda döwlet tarapyndan goralýan şeýle ymaratlar başga-da bar.

Şonuň üçin-de, olaryň toplumyna «Daşsaraý binagärlik toplumy» diýlip at berlipdir. Bu binalar XVIII-XIX asyrlara degişli nagyşlar, şekiller, keşdeler bilen nepis bezelipdir. Şonda, köplenç, söwüt agajyndan ýasalan agaçlar, tagtalar köp ulanylypdyr. Sebäbi bu agaç ýumşak bolansoň, onuň ýüzüni oýup, dürli nagyşlary salmak ýe­ňil bolupdyr. Şeýlelikde, bu ymaratlaryň agaç penjireleri, gabsalary, dälizleri ýokary hilli haşamlanyp bezelipdir.

Bu ymaratlarda Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi dürli wakalardan söhbet açýan çeper kinofilmleriň 10-dan gowragyny surata düşürdi. Zehinli kinorežissýor Halmämmet Kakabaýew «Biz Aşgabat şäheriniň 1948-nji ýylyň ýer titremesinden öň­ki keşbini di­ňe Kerki şäherinden tapdyk» diýip, bir gürrüň­deşlikde aýdypdy.

 

29-njy iýuldaky howa maglumaty

Ýene-de okaň

Türkmen ylmy işgärleriniň ABŞ-a sapary

San-Fransiskoda ilkinji gezek geçirilýän türk festiwalynda Türkmenistan tanyşdyrylar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýurdumyzyň teatrlary täze sahna oýunlaryny görkezer

Ata Watan Eserleri

«Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragynyň ýeňijileri

Ata Watan Eserleri

Muhammet pygamberiň doglan güni mynasybetli jebislik çäresi geçirildi

Nýu-Ýorkda türkmen aýdym-saz gijesi