SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Daşary ýurtlulara haj parzyny berjaý etmäge mümkinçilik döredilýär

Daşary ýurtlular Mekgä goýberilýär. Saud Arabystanynyň hökümeti 3 ýyldan soňra, ilkinji gezek daşary ýurtlulara haj parzyny berjaý etmäge mümkinçilik döredýär.

Beýleki ýurtlardan haj parzy üçin geljek adamlaryň sanyny 1 million adama çenli artdyrmak kararyna gelindi. 65 ýaşdan kiçi bolan daşary ýurt raýatlaryna haj parzyny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berler. Ýöne olar hem hökmany kowid sanjymyny almaly bolarlar. Şeýle hem Saud Arabystanyna baranlarynda koronawirus ýokanjynyň negatiw netijenamasyny görkezmeli bolarlar.

Geçen ýyl ýurduň hökümeti diňe ýurt içindäki zyýaratçylaryň 60 müňüsine keramatly Käbä zyýarat etmäge rugsat edipdi. Pandemiýadan öňki döwürde bolsa 2,5 milliona çenli adam haj parzyny etmäge bu ýere gelýärdi.

 

Stambul-Türkmenbaşy ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy

 

Ýene-de okaň

Uganda türkmen syýahatçylaryny myhmançylyga çagyrýar

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda eko-syýahat guraldy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy Kazan – Aşgabat ugry boýunça awiapetekleriň bahasyny arzanlatdy

Ata Watan Eserleri

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy