MEDENIÝET

Daniel Kreýg Golliwudyň ýyldyzlar seýilgähinde

Iňlis aktýory Daniel Kreýg, Golliwudyň meşhur gezelenç edilýän seýilgähinde şahsylaşdyrylan ýyldyzy aldy. Aktýoryň gülgüne ýyldyzy, 7007 belgide Golliwud bulwarynda, 1973-nji ýyldan 1985-nji ýyla çenli ýedi filmde Bond roluny ýerine ýetiren merhum Rojer Muruň gapdalynda ýerleşdirildi.

Bu barada aktýor: “Golliwudda meniň üstümden ýörelmegi meniň üçin uly hormat” diýip, degişme bilen teswir berdi.

Dabara ABŞ-da Kreýgiň baş keşbi janlandyran “Ölmäge wagt ýok” atly täze Jeýms Bond filminiň çykmagyna birnäçe gün galanda geçirildi.

Daniel Kreýgiň ýyldyzy Los-Anjelesdäki ýyldyzlaryň seýilgähinde 2704-nji orny eýeledi.

Nobel hepdeligi: edebiýat baýragynyň ýeňijisi belli boldy

 

Related posts

Bolgariýa ilkinji gezek «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar

Ata Watan Eserleri

20-nji iýulda ýurdumyzdaky howa maglumaty