SPORT

“Dakar” rallisinde ilkinji zenan ekipažy

Merse Marti we Margo Lýobera taryha girmäge taýýarlyk görýär. Ýanwar aýynda olar “Dakar” rallisine gatnaşjak ilkinji zenan ekipažy bolar. Bu ralliniň 44 ýyllyk taryhynda ilkinji wakadyr.

Zenanlar ilkinji gezek dünýäniň iň kyn ralli-marafonlarynyň birine gatnaşyp, “FN Speed” toparynyň düzüminde gatnaşarlar. Toparyň ählisi – mehanikden sürüjä çenli zenanlardan ybarat bolar.

Marti öňden bäri tejribeli sürüjidir. Ol 17 ýaşynda uçary dolandyrmaga başlady we uçuş instruktory bolup, rekord goýupdy.

– Esasy maksadymyz – bizi görmeklerini isleýäris. Zenan sürüjileriň bardygyny bilýäris. Ýöne ähli ekipažyň zenanlardan ybarat bolan topar ilkinji gezek ýaryşýar. Bu biziň  dünýäniň iň uly awtosport platformasynda özümizi görkezmek üçin uly mümkinçilik bolar we beýleki gyzlar üçin ylham bolar – diýip, Merse Marti belläp geçdi.

“Dakar” rallisi 2022-nji ýylyň 1-14-nji ýanwary aralygynda Saud Arabystanyda geçiriler.

 

Türki Döwletleriň Guramasy öz emeli hemrasyny öndürmekçi

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi