TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Türki Döwletleriň Guramasy öz emeli hemrasyny öndürmekçi

Türki Döwletleriň Guramasynyň kosmos agentlikleriniň we degişli edaralarynyň ilkinji duşuşygy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirildi. Bu barada Türki Döwletleriň Guramasynyň resmi web sahypasynda bellenilip geçilýär. Bu duşuşyga gurama agza we synçy döwletleriň wekilleri gatnaşdy.

Azerbaýjanyň kosmos agentliginiň müdiriýetiniň başlygy Samaddin Asadowyň başlyklyk etmeginde geçirilen duşuşyga Türkiýäniň kosmos agentliginiň ýolbaşçysy Serdar Hüseýin Ýyldyrym, Gyrgyz Respublikasynyň sanly ösüş ministriniň orunbasary Talant Kalykow, Özbegistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Kosmos barlag we tehnologiýa agentliginiň baş müdiriniň ýerine ýetirijisi Şuhrat Kadirow, Gazagystanyň Sanly ösüş, innowasiýa we awiasiýa senagaty ministrliginiň Awiasiýa we kosmos komitetinň başlygynyň orunbasary Raziýa Buralhiýewa, Wengriýanyň energetika gözleg merkeziniň baş müdiri, Dr. Akos Horwat hem-de Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Mirwokhid Azimow gatnaşdy. “Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň kosmos müdirliginiň başlygy Aşyr Garaýew bolsa, bu duşuşyga onlaýn tertibinde gatnaşdy.

Baş sekretaryň orunbasary Azimow öz çykyşynda kosmos pudagynda hyzmatdaşlygyň 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Stambulda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň 8-nji sammitinde kabul edilen kararlara laýyklykda başlandygyny we Sekretariatyň gurama agza we synçy döwletleriň arasynda bu ugurdaky işleriň utgaşdyrylmaga ähli tagallalary etmäge taýýardygyny belledi.

Duşuşykda taraplar öz ýurtlarynyň kosmos pudagyndaky işleri we geljekdäki taslamalary, şeýle hem Türki Döwletleriň Guramasynyň çäginde bu ugurda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada çykyş etdiler.

Taraplar kosmos pudagynda hyzmatdaşlygy artdyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, “kosmos gämisi we infrastrukturany ösdürmek taslamalary we maksatnamalary” hem-de “bilim we kosmos habarlylygy maksatnamalary” boýunça iş toparlaryny döretmek babatda ylalaşdylar.

Şeýle hem taraplar agza döwletler tarapyndan bilelikde emeli hemranyň taslamasyny düzmek, öndürmek we uçurmak, geljekdäki hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak, kosmos gözlegleri babatda tejribe alyşmak maksatnamalaryny ösdürmek babatda möhüm çözgütler kabul etdiler.

Duşuşyga gatnaşyjylar Azerbaýjanyň kosmos agentliginiň degişli gulluklaryna aýlanyp gördüler.

 

“Toyota”-yň Ýaponiýada önümçiligini togtatmak karary

Ýene-de okaň

Dünýäde iň köp isleg bildirilýän awtoulaglar

Google Translate Offline :Türkmen dilinde hem hyzmat

Baş Redaktor

“Huawei” kompaniýasy Türkmenistanda sanly telefon ulgamyny giňletmek işine gatnaşar

Teswirle