JEMGYÝET

Dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow goranmak ministri B.Gündogdyýew bilen iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda ýurdumyzyň harby düzümleriniň öňünde durýan möhüm wezipeler hem-de Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli harby ýörişi guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Goranmak ministri B.Gündogdyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzyň goranyş ukybynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna, harby gullukçylaryň gullugy we amatly ýaşaýşy üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen harby özgertmeler barada hasabat berdi. Şeýle hem ministr Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada giňişleýin hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň garamagyna şanly sene mynasybetli geçirilýän dabaraly harby ýörişiň meýilnamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz dabaraly harby ýörişi geçirmegiň hödürlenen meýilnamasyny makullap, ondan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy iş maslahatynyň barşynda harby gullukçylara nobatdaky harby atlary dakmak hakyndaky Permana gol çekdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň döşe dakylýan nyşany hakynda Düzgünnama, döşe dakylýan nyşanyň ýazgysy we nusgasy tassyklanyldy.

 

Harby gullukçylara harby atlary dakyldy

Ýene-de okaň

Hytaý kompaniýasy Amyderýanyň sag kenarynda 190 milliard kubmetr tebigy gaz öndürdi

Türkmenistanyň Prezidenti Din Sýuesýany kabul etdi

Din Sýuesýan: Türkmenistan bilen gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyrys

Türkmenistan Hytaýa 462 milliard kubmetr tebigy gaz eksport etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Hytaý 5 ýyllyk hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekişdi

Ata Watan Eserleri

«Türkmengaz» we CNPC «Galkynyş» känini özleşdirmegiň 4-nji tapgyryny enjamlaşdyrmak barada şertnama gol çekdiler

Ata Watan Eserleri