TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

COVID-19: GDA ýurtlarynda çagalara sanjym edilip başlandy

Mälim bolşy ýaly, Kosta-Rika dünýäde ilkinji bolup, çagalara hem koronawirus ýokanjyna garşy sanjym etmegi hökmany derejä çykardy. ABŞ-da bolsa, bu ýagdaý meýletindir. Çagalara sanjym etmek üçin diňe ene-atalaryň razyçylygynda amala aşyrylýar. Munuň üçin “Pfizer-BioNTech” sanjymynyň 3 esse az dozasy göz öňünde tutuldy.

Bu sanjym Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy guramasynyň käbir döwletlerinde hem çagalara urlup başlandy. “Mir 24” teleýaýlymy GDA ýurtlaryndaky sanjym işleri barada maglumat taýýarlady.

AZERBAÝJAN: ilatyň 43 göterimi doly sanjym edildi. Her gün sanjym nokatlarynda 40 müň adama sanjym edilýär. “Pfizer” sanjymyny 12 ýaşdan uly çagalara urup başladylar. Soňky günlerde hususan-da şol ýaşdaky çagalarda kesel köpelip başlady. Ýurtda ozalkysy ýaly, her gün 2 müňe golaý wirus wakasy ýüze çykýar.

Ýylyň ahyryna çenli ýörite karantin düzgüni uzadlydy. Ähli jemgyýetçilik ýerlerinde kowid-pasporty soralýar. Sanjym edilmedik adamlar söwda merkezlerine, teatrlara, muzeýlere we fitnes-klublara goýberilmeýär. Şeýle edalaryň işgärleriň hem 80 göterim sanjym edilen bolmalydyr.

ERMENISTAN: şu hepde 12 ýaş we şondna uly çagalara “Moderna” sanjymy edilip başlandy. Ýöne bu sanjymlar ene-atalarynyň razyçylygy esasynda urulýar. Häzirki wagtda ýurtda uly ýaşlay adamlaryň 12 göterimi doly sanjym edildi. Her gün 2 müňe golaý wirus wakasy ýüze çykýar.

GRUZIÝA: bu ýurtda soňky günlerde waka sany köpelýär. Iki doza sanjym alan ilatyň sany 35 göterimden gowrak. Täze çäklendirmeleriň öňüni almak üçin ýurduň hökümeti hökmany sanjymy girizmegi teklip edýär.

GAZAGYSTAN: bu ýurtda ýagdaý durnuklaşýar. Bir günde müňe golaý waka ýüze çykýar. Ýurtda çagalara “Pfizer” sanjymyny urmaga taýýarlyk görülýär. Bu ugurda degişli şertnama gol çekildi. Sanjymyň 2 dozasyny alan ilatyň sany 40 göterimdir.

GYRGYZYSTAN: bu ýurtda hem ýagdaý kem-kemden durnuklaşýar. Bir gije-gündizde 100 täze waka ýüze çykýar. Ýurda ABŞ-dan “Pfizer” sanjymlar gelip gowuşdy we sanjym boljaklaryň sany köpeldi. ABŞ pandemiýa garşy göreşmek üçin 3 million dollar möçberinde maliýe kömegini berdi. Bu maliýe serişdeleri sanjym almaga, lukmançylyk edaralarynyň işgärleriniň tälim almagyna hem-de lukmançylyk galyndylarynyň aradan aýrylmagyna gönükdiriler.

TAJIGISTAN: birnäçe aýdan bäri sanjym hökmany derejä çykaryldy. 18 ýaşdan uly bolan işleýän raýatlaryň sanjym bolmagy hökmanydyr. Ilatyň 20 göterimi doly sanjym aldy. Duşanbe şäherinde sanjym etmek işi ýokary derejede barýar. Paýtagt takmynan 100 göterimlik jemgyýetçilik imminutet ýagdaýyna golaýlady. Çagalary sanjym etmek entek meýilleşdirilmeýär.

BELARUS: ilatyň 4-den bir bölegi sanjym edildi. Ýurduň Saglygy goraýyş ministrligi 2 million doza golaý sanjym satyn almagy meýilleşdirýär. Her gün 2 müň golaw täze wakalar ýüze çykýar.

MOLDOWA: ilatyň 26 göterimi doly sanjym edildi. Keselleýänleriň sany kem-kemden azalýar. Her gün 1,5 müň täze wakalar ýüze çykýar. Köçelerde we söwda merkezlerinde  goşmaça sanjym nokatlary açyldy.

 

Türkmen aýna önümleri Ukraina eksport edilýär

Ýene-de okaň

PCR negative testiniň netijenamasy zerur däl: “Türkmenistan” awiakompaniýasy

Baş Redaktor

«Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenistana uçar gatnawlaryny artdyrdy

Şäherara awtobus petekleriniň onlaýn satuwy

Teswirle