BIZNES

Türkmen aýna önümleri Ukraina eksport edilýär

Ýurdumyzyň aýna senagatynyň iri «Türkmenaýnaönümleri» kärhanasy Ukraina aýnanyň birinji tapgyryny ugratdy. Türkmen aýna çykaryjylarynyň önüm eksport edýän ýurtlarynyň sany barha artýar. Bu barada  «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.

Russiýa Federasiýasy, Gazagystan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Owganystan ýaly ýurtlar bilen uzak möhletleýin söwda gatnaşyklary ýola goýuldy. Şu ýylyň 9 aýynda ýurduň daşyna 700 müň inedördül metrden gowrak aýna ugradyldy. Munuň özi tutuş geçen ýyldakydan-da has köpdür.

Kärhananyň kuwwatlylygy ýylda 1 million inedördül metr aýna, 100 müň inedördül metr laminirlenen aýna, 400 müň aýnapaket we azyk hem-de derman senagaty üçin dürli ölçegdäki aýna gaplaryň 15 görnüşini çykarmaga mümkinçilik berýär. Germaniýanyň «HORN Glass Industries AG» kompaniýasynyň guran kärhanasynda «Clastone» (Finlýandiýa), «Buhler», «Zippe» (Germaniýa ), «Lises» (Аwstriýa), «Cnud» (Belgiýa), «Bottero» (Italiýa) ýaly kompaniýalaryň ýokary tehnologiýaly enjamlary oturdylan.

Kärhanada aýna ýasamak üçin gerek çig mal külke edilip üwelýär. Döwülen, galyndy we zaýalanan aýna bölekleri-de gaýtadan işlenilýär.

Doly awtomatlaşdyrylan önümçilik binagärlik we gurluşyk pudagynyň kärhanalaryna, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna hyzmat etmäge gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň bu iri senagat kärhanasy 2018-nji ýylda ulanmaga berildi. Türkiýäniň “Tepe Türkmen Inşaat ve Ticaret Anonim Şirketi” kompaniýasy tarapyndan gurlup ulanmaga beren bu ajaýyp senagat toplumynda dünýä standartlaryna laýyk gelýän aýna önümleri öndürilýär.

“Türkmen aýna önümleri” kärhanasynyň önümlerine sebitiň ýurtlarynda hyrydary köpelýär. Häzirki güne çenli dürli görnüşli aýnalar Özbegistan, Gazagystan, Täjigistan, Owganystan ýaly ýurtlara eksport edildi.

 

Gün energiýasy bilen kofe gowruldy

Ýene-de okaň

24-25-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly sergi we maslahat geçiriler

Türkmenistan «Green EXPO 2027» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň işewürler toparynyň Beýik Britaniýa saparynyň birinji güni

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň kompaniýalary “Agro Pack Turkmenistan-2026” halkara sergisine gatnaşdylar

«Türkmennebit» we «Petronas» täze maýa goýum taslamalary boýunça Teswirnama gol çekdiler

Aşgabatda Türkmenistan bilen “Petronas” kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy bellenildi