BIZNES

Çerçilliň aýakgaby satyldy

Beýik Britaniýanyň ozalky Premýer-ministri Uinston Çerçilliň 1950-nji ýyllarda geýen aýakgaby satyldy. Metbugat gulluklarynyň habaryna görä, söwda satuwynda bu aýakgaby 40 müň sterlinge satyn aldylar.

Öňki premýer-ministr Çerçilliň keşdeli mahmal aýakgaplarynyň 10 müňden 15 müň funt sterling aralygynda satylmagyna garaşylýardy. Emma satyn alan adam bu aýakgaba 39 müň sterling 40 sent baha berip satyn aldy. Ony satyn alan iňlis kolleksioneriň ady mälim edilmedi.

Şeýle hem Çerçille degişli bulguryň 7 müň bilen 10 müň sterling arasynda satylmagyna garaşylýarka, ol hem 18 müň 300 sterlinge satyldy.

“Bellmans” söwda-satuwy öýünde amala aşyrylan satuwda ozalky Premýer-ministriň zatlarynyň ýokary baha satylmagynyň oňa goýlan hormatyň netijesidigi mälim edildi.

Uinston Çerçill 1940—1945-nji hem-de 1951—1955-nji ýyllarda Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipelerinde işledi. Ol žurnalist, ýazyjy, suratkeş, Iňlis akademiýasynyň hormatly agzasy hem-de Nobel edebiýat baýragynyň eýesidir (1953).

Futbolçy zenandan täze rekord

 

Ýene-de okaň

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty «deňiz derwezesi» ornuny berkidýär

Maliýe pudagyndaky türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Özbegistan söwda dolanyşygyny 2 milliard dollara ýetirer

Türkmenistan ulag ulgamyna 48 milliard manatdan gowrak maýa goýdy

Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze ugry

Tramp: ABŞ Pakistanda nebit gözlär