TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Futbolçy zenandan täze rekord

Ýakynda bellenen Halkara zenanlar güni mynasybetli angliýaly futbolçy we sport gepleşiklerini alyp baryjy Liw Kuk täsin rekord bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy.

Neşiriň resmi saýtynda hem habar berlişi ýaly, ol 8-nji mart güni hem ýüpde böküp, hem bir aýagynda pökgini ýere gaçyrman, ýokary depip durdy. Şeýlelikde, ol 30 sekuntda pökgini 62 gezek depip, garaşylmadyk netijäni görkezdi.

Kuk bu netije bilen ozal goýlan rekordlaryň ählisini täzeläp, Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrmagy başardy. Bu rekord London şäherindäki Wembleý stadionynda eminleriň şaýat bolmagynda goýuldy.

Liw Kuk 8-nji mart güni bütindünýä täsinlikler neşirine adyny ýazdyran zenanlaryň diňe ýekejesidir. Dünýä metbugatynyň ýazmagyna görä, şol gün dürli döwletlere wekilçilik edýän zenanlaryň birnäçesi rekord synanyşyklaryny etdiler. Olaryň birnäçesi şowly tamamlanyp, dünýäniň täze rekordçylary boldular.

https://www.atavatan-turkmenistan.com/cempionlar-ligasy-ronaldonyn-sowsuzlygy-holandyn-ustunligi/

Ýene-de okaň

Ronaldo täze toparyndaky ilkinji goluny geçirdi

Messi Ronaldonyň rekordyny täzeledi

55 ýaşynda futbol oýnamagy dowam edýär

Ata Watan Eserleri

Teswirle