SPORT

Çempionlar ligasynyň finaly nirede oýnalar?

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň finalynyň nirede oýnaljakdygy esasy soraglaryň birine öwrüldi. Adatça, bu final duşuşygynyň 29-njy maýda Türkiýäniň Stambul şäherinde oýnalmagy meýilleşdirilipdi.

Ýöne Türkiýedäki koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly wakalaryň artmagy bilen bu duşuşygyň başga ýerde oýnalmagy göz öňünde tutulýar. Oýnuň Angliýanyň “Uembli” stadionynda hem oýnalyp biljekdigi aýdyldy.

Şeýle hem bu duşuşygyň Lissabonda hem oýnalmagy mümkin. Duşuşyk Portugaliýanyň Lissabon şäherindäki “Eştadiu da Luş” ýa-da Žoze Alwalde stadionynda oýnalyp biler.

Bu babatda UEFA-nyň ýakyn wagtda ýa-da sagatlarda karar kabul etmegine garaşylýar.

Umuman, Beýik Britaniýanyň hökümeti bu duşuşygyň başga ýurtda oýnalmagy babatda başlangyç bilen çykyş etdi.

 

Ýyldyzlar näme diýýär: Täleýnama barada maglumatlar

Related posts

Ronaldo Donald Trampa futbol köýnekçesini sowgat etdi

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy karýerasyny tamamlap, tälimçi boldy

Türkmen türgeni 40 müň manat möçberinde pul baýragy bilen sylaglandy