SPORT

Çempionlar Ligasy: Ronaldodan 2 sany rekord

UEFA-nyň Çempionlar ligasynda “E”, “F”, “G” ve “H” toparçalarynda 2-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi.

Şol duşuşyklaryň çäklerinde “F” toparçasynda Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” bilen Ispaniýanyň “Wilýareal” topary duşuşdy. “Mançester Ýunaýted” topary garşydaşyny 2:1 hasabynda ýeňdi.

“Old Trafford” stadionyndaky duşuşykda “Wilýareal” topary 53-nji minutda Pako alkaser bilen öňe saýlandy. Duşuşygyň 60-njy minutynda Aleks Telles we 90+5-nji minutynda Kristiano Ronaldonyň geçiren gollary “Mançester Ýunaýted” toparyna ýeňiş getirdi.

RONALDYNYŇ REKORDLARY

Şeýlelikde, bu duşuşyk Ronaldo üçin aýratyn ähmiýetli boldy. Ol Çempionlar ligasynda iň köp duşuşykda çykyş eden futbolçy boldy. Ol 178-nji duşuşygyny geçirdi. Ronaldo ozal “Real Madrid” toparynda bile oýnan derwezeban Iker Kasilýasdan öňe geçdi.

Bu duşuşykda 94:13-nji minutda tapawutlanan Ronaldo Çempionlar ligasynda iň soňky minutlarda ýeňiş pökgüsini geçiren futbolçy boldy.

Bu toparçanyň beýleki duşuşygynda “Atalanta” topary “Ýang Boýz” toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi.

 

Zyba zybanly Zybagözel

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň türgenleri 2026-njy ýylyň ilkinji bäş aýynda 301 medal gazandy

Dünýä çempionatynyň iň tejribeli emini – Rawşan Irmatow

Aziz Ýyldyrym “Fenerbahçeniň” 35-nji prezidenti boldy

Florentino Peres “Real Madridiň” prezidenti wezipesine täzeden saýlandy

«Arkadag» futbol toparynyň nobatdaky üstünligi

Ata Watan Eserleri

Futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň gyzykly taryhy