SPORT

Çempionlar ligasy: “PSŽ” we “Çelsi” ýarym finalda

UEFA-nyň iň naýbaşy kuboklarynyň biri bolan Çempionlar ligasynda ýarym finala galan ilkinji toparlar belli boldy. Olar Fransiýanyň “PSŽ” hem-de Angliýanyň “Çelsi” toparlarydyr.

GEÇEN ÝYLYŇ ÇEMPIONY UTULDY

Geçen möwsümde UEFA Çempionlar ligasy bilen bir hatarda 6 kubogy gazanan Germaniýanyň “Bawariýa” toparyna bu gezek “PSŽ” toparyny ýeňmek başartmady. Fransuz topary ilkinji duşuşykda “Bawariýanyň” meýdançasynda gazanan 3:2 hasabynda ýeňşi bilen ýarym finala galmagy başardy.

Fransiýada oýnalan oýunda “Bawariýa” topary 1:0 hasabynda üstün çykan hem bolsa, oňa 2 duşuşygyň jemi boýunça ýayrm finala çykmak başartmady.

Çempionlar ligasynyň ýene-de bir ýarym finalçysy ol hem Tomas Tuheliň tälim berýän “Çelsi” topary boldy. “Çelsi” topary hem Portugaliýanyň “Porto” toparyna garşy ilkinji duşuşykda gazanan 2:0 hasaply utuşy bilen ýarym finala çykdy. “Porto” topary hem myhmançylykda “Çelsi” toparyny 1:0 hasabynda utandygyna garamazdan, ýaryl finala çykmak olara başartmady.

“Çelsi” topary 2014-nji ýyldan soňra ilkinji gezek bu kubogy gazanmak ugrundaky ýaryşda ýayrm finala çykdy.

ÝARYM FINAL DUŞUŞYKLARY

“PSŽ” – “Mançester Siti/Borussia Dortmund”

“Çelsi” – “Real Madrid / Liverpool”

 

Egin-eşik önümleriniň iň gymmatly markalary

 

Ýene-de okaň

1 ýyldan soňra tälimçilikden boşadyldy

“Mançester Siti” yzly-yzyna 4-nji, umumylykda 10-njy çempionlygyny gazandy

Fil Foden Angliýada “ýylyň futbolçysy” boldy

Ata Watan Eserleri

Er-Riýaddaky ýylyň boks tutluşygy: Usik Fýurini ýeňdi

“Baýer” topary ýeňilmän çempion boldy

Ronaldo Saud Arabystanyda galyp biler