SPORT

Çempionlar ligasy: Mbappe “Bawariýany” ýeňdi

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/4 final duşuşyklarynyň nobatdaky oýunlary geçirildi. Bu gezek geçen ýylyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi Germaniýanyň “Bawariýa” toparyna Fransiýanyň “PSŽ” toparyny ýeňmek başartmady. German toparynyň meýdançasynda geçirilen duşuşygy parižliler 3:2 hasabynda utdy.

Ösüp gelýän ýaş ýyldyz Kilian Mbappe Fransiýanyň “PSŽ” toparynda çykyş etmek bilen Çempionlar ligasynyň şu möwsümiň şasyna öwrüldi. Ol mundan ozalky tapgyrda Ispaniýanyň “Barselona” toparyny ýeňmekde hem toparyna uly goşant goşdy.

Bu gezek hem ol Germaniýanyň “Bawariýa” toparynyň derwezesinden 2 gol geçirip, toparynyň ýeňşinde uly paýa eýe boldy. Duşuşykda fransuz toparyndan Kilian Mbappe (2) hem-de Markinos tapawutlandy. German toparyndan bolsa Şupo-Moting bilen Müller tapawutlandy.

Geçen tapgyrda Italiýanyň “Ýuwentus” toparyny ýeňmegi başaran Portugaliýanyň “Porto” topary bu gezek öz meýdançasynda Angliýanyň “Çelsi” toparyndan 2:0 hasabynda ýeňildi. Iňlis toparynyň gollaryny Maýson Maunt bilen Çiluell öz adyna ýazdyrdy.

Bu oýunlaryň jogap duşuşyklary 13-nji aprelde geçiriler.

 

Çempionlar ligasy: “Real” we “Mançester Siti” utdy

Ýene-de okaň

Tramp Ronaldo bilen duşuşdy

PSŽ-niň goragçysy Hakimi Afrikada ýylyň futbolçysy boldy

Kýurasao dünýä çempionatyna gatnaşýan iň az ilatly ýurt boldy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatyna gatnaşjak 42 milli ýygyndy belli boldy

Norwegiýa 27 ýyldan soň ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy

Mahaçew hem rekord goýdy hem-de çempionlyk guşagyny gazandy