Çempionlar ligasy: “Real” we “Mançester Siti” utdy

Ýewropanyň iň naýbaşy kuboklarynyň biri hasaplanýan UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/4 final duşuşyklarynyň ilkinji oýunlary geçirildi. Ispaniýanyň “Real Madrid” topary öz meýdançasynda Angliýanyň “Liwerpul” toparyny, Angliýanyň “Mançester Siti” topary öz meýdançasynda Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” toparyny kabul etdi.

“REAL” TOPARY “LIWERPULY” 4-NJI GEZEK ÝEŇÝÄR

“Real Madrid” topary “Liwerpul” toparyny 3:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda “Realyň” düzüminden Winisuis Junior (2 gol) hem-de Asensio tapawutlandy. “Liwerpul” toparynyň ýeke-täk goluny Mohammad Salah öz adyna ýazdyrdy.

Şeýlelikde, “Real Madrid” topary “Liwerpul” toparyny mundan ozalky Çempionlar ligasyndaky duşuşyklar bilen bir hatarda 4-nji gezek ýeňdi.

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/4 final duşuşyklarynyň beýleki oýnunda “Mançester Siti” topary öz meýdançasynda Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi. “Mançester Sitiden” De Bruýne hem-de Fil Foden tarapwutlandy, “Borussiýa Dortmund” toparyndan Roýs tapawutlandy.

Okap bilersiňiz  Bakanlar Kurulu toplandı: Ekonomik büyüme 6,2

Jogap duşuşyklary 14-nji aprelde geçiriler.

 

“Altyn Asyr” Gündogar bazary açylýar