TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Bütindünýä şokolad güni: şokolad barada…

Düýn tutuş dünýäde “Bütindünýä şokolad güni” bellenildi. 1550-nji ýylda Ýewropa ilkinji gezek kakao tohumynyň getirilen güni, ýagny 7-nji iýul dünýäde her ýyl “Şokolad güni” hökmünde bellenilýär.

Şokoladyň taryhy barada näme bilýäris?

  • Kakao 5 müň ýyldan gowrak wagtdan bäri sarp edilýär.
  • Şokoladyň ylmy atlandyrylyşyny şwed naturalist Karl Linneý goýupdyr. Şokoladyň ylmy atlandyrylyşy – “theobroma cacao”. Ol “Taňrylaryň iýmiti” hasaplanýar.
  • Kakaonyň Ýewropa aralaşmagyna köp wagt gerek boldy. Ol Ispaniýa 1520-nji ýylda aralaşan bolsa, Fransiýa 1653-nji ýylda, Angliýa 1657-nji ýylda baryp ýetdi. Şokolad 1847-nji ýyla çenli içgi bolup galdy we esasan Ispaniýada sarp edildi.
  • Şokolad söwdasy 1700-nji ýyllaryň başynda liberallaşdyryldy. 1770-nji ýylda ilkinji önümçilik firmasy döredildi. Maşynlaryň oýlanyp tapylmagy bilen ilkinji şokolad fabrigi 1825-nji ýylda döredildi we şokolad bütin dünýäde tanaldy.
  • Şokolad 20-nji asyryň başynda gaty gymmat iýmitdi. 1930-njy ýyllarda gaty meşhurdy, ýöne bir guty şokoladyň satuw bahasy Angliýada 100 şillinge deň boldy. (1971-nji ýylda onluk ulgamy ornaşdyrylmazdan ozal Angliýada we Irlandiýada ulanylýan walýuta.) Şol döwürde köne kwartallarda bir jaýyň kärendesi 10 şillinge deňdi.
  • 1930-njy ýyllarda Şweýsariýada lukmanlar hassahanalarda bejergi alýan çagalaryň witamin goşundysy hökmünde baýlaşdyrylan süýt içmegini islediler. Lukmanlar süýde kakao ýagyny goşdular we bilmän ak şokolady oýlap tapdylar.
  • Ak şokolad ýokumlylygy bilen tapawutlandy we meşhurlyk gazandy. Häzirki wagtda Ýewropada ak reňkdäki şokolady sarp edýänleriniň sany ep-esli artdy.

 

 

Uzyn gulakly geçi ýerli metbugatyň üns merkezinde

Ýene-de okaň

PCR negative testiniň netijenamasy zerur däl: “Türkmenistan” awiakompaniýasy

Baş Redaktor

«Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenistana uçar gatnawlaryny artdyrdy

Şäherara awtobus petekleriniň onlaýn satuwy

Teswirle