TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Buker baýragynyň gysga sanawy yglan edildi

Buker baýragynyň gysga sanawy belli boldy.  Metbugat ýygnagynda eminleriniň başlygy Maýa Jasanoff: “Nobel baýragynyň eýesi Kadzuo Isiguro şu ýyl gysga sanawda çykyş edip bilmedi” diýip aýtdy.

Gysga sanawdaky kitaplar Angliýada ýa-da Irlandiýada 2020-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli neşir edilen 158  sany kitaplardan saýlandy. Noýabr aýynyň başynda baýragyň ýeňijisiniň ady we 69000  amerikan dollar möçberindäki pul baýragynyň ýeňijisi yglan ediler.

Buker baýragy 1968-nji ýylda döredildi we ilkinji gezek 1969-njy ýylda gowşuryldy. 2013-nji ýyla çenli bu baýrak Beýik Britaniýanyň Arkalaşygyň ýurtlarynyň, Irlandiýanyň ýa-da Zimbabweniň birinde ýaşaýan awtora berildi. Şoňra emin agzalary beýleki ýurtlardan ýazyjylara iňlis dilinde ýazylan we Angliýada neşir edilen eserler bilen bu bäsleşige gatnaşmaga mümkinçilik berdi.

Geçen ýyl şotlandiýaly ýazyjy Duglas Stýuart “Shuggie Bain” atly ilkinji romany üçin bu baýraga mynasyp bolupdy.

 

Dünýäniň dürli ülkelerinde zenanlaryň gözellik syrlary

 

Ýene-de okaň

Döwlet baýraklarynyň eýelerine söz berýäris

“Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwaly geçiriler

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň «Ural» tans toparynyň Türkmenistandaky ilkinji çykyşy

Teswirle