SPORT

Buffon “Ýuwentusdaky” soňky kubogyny gazandy

Italiýanyň Kubogyny gazanmak ugrundaky ýaryşda “Ýuwentus” topary ýeňiş gazandy. Bu topar finalda “Atalanta” topary bilen duşuşdy. Duşuşykda 2:1 hasabynda ýeňiş gazanan “Ýuwentus” topary 14-nji gezek Italiýanyň Kubogyny gazandy. “Atalanta” topary bolsa 4-nji gezek final duşuşygynda ýeňlişe sezewar boldy.

Duşuşykda “Ýuwentus’ toparyna ýeňiş getiren gollary Kulusewski hem-de Kýeza geçirdi. Toparyň tälimçisi Andrea Pirlo Luis Monti, Karlo Parola hem-de Dino Zaoffdan soňra Italiýanyň kubogyna eýe bolan hem futbolçy hem-de tälimçi boldy.

Şu möwsümden soňra topardan gitjek bolýan dünýä meşhur derwezeban Janluiji Buffon 1990-njy, 2010-njy hem-de 2020-nji ýyllarda bu kubogy gazanmagy başardy. 43 ýaşyndaky Buffonyň bu “Ýuwentusyň” düzümindäki soňky kubogy bolup biler. Buffon 6-njy gezek bu kubogy galdyrdy.

Toparyň düzümindäki Kristiano Ronaldo bolsa ilkinji gezek Italiýanyň kubogyny gazandy. 2018-nji ýyldan bäri bu toparyň düzüminde çykyş edýän Ronaldo 5-nji kubogyny aldy. Ol 2 gezek Italiýanyň çempiony boldy hem-de 2 gezek Italiýanyň Superkubogyny gazandy.

 

14-nji gezek Fransiýanyň kubogyny gazandy

 

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy