SPORT

14-nji gezek Fransiýanyň kubogyny gazandy

Fransiýanyň futbol boýunça kubogyny eýelemek ugrundaky ýaryşyň finalynda “PSŽ” topary bilen “Monako” topary duşuşdy. Bu duşuşyga Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron hem stadionda tomaşa etdi.

Duşuşygyň netijesi boýunça Neýmarly we Mbappeli “PSŽ” topary 2:0 hasabynda ýeňiş gazanyp, 14-nji gezek Fransiýanyň Kubogyny eýeledi.

Bu topar soňky 7 möwsümde 6-njy gezek bu kubogy gazanyp gelýär. “PSŽ” topary Fransiýada bu kubogy gazanmak ugrunda öňdebaryjydyr, bu ugurda ikinji orunda “Marsel” topary durýar. Onuň kuboklarynyň sany 4-e deňdir.

“PSŽ” toparynyň tälimçisi Maurisio Poçettino bu topar bilen 2-nji kubogyny eýeledi. Ol şu ýylyň ýanwar aýynda bu topara tälimçi bellenipdi we şondan soňra topar bilen ýurduň Superkubogyny we soňrasynda kubogyny eýelemegi başardy.

 

Dünýäde näçe sany guş ýaşaýar?

 

Ýene-de okaň

Ronaldonyň çempionlygyna 1 duşuşyk galdy

Gurban Berdiýew Azerbaýjanyň topary bilen ýewrokuboklara dolanýar

Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy Aziýa çempionatyna gatnaşar

“Şahtýor” 16-njy gezek Ukrainanyň çempiony boldy

“Barselona” Ispaniýanyň çempiony boldy

«Galatasaraý» topary Türkiýäniň çempiony boldy