SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

BSGG Hindistanyň “Covid-19” sanjymyny tassyklady

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) Hindistanda öndürilen “Covavax” atly koronawirus sanjymyny tassyklady. “Wionews.com” portalynyň habaryna görä, bu sanjym gyssagly ulanmak üçin tassyklanýar.

“Covavax” pes girdejili ýurtlarda sanjym gurşawyny giňeltmäge kömek eder. BSGG bu ýurtlaryň 41-siniň ilatynyň 10% -ine sanjym edip bilmändigini, 98 ýurduň bolsa 40% -den geçmändigini aýtdy.

Waksina “Serum” instituty tarapyndan Amerikanyň “Novavax” kompaniýasynyň ygtyýarnamasy bilen öndürildi. Bu sanjymyň doly kursy üçin iki doza zerur. Sanjym 2 bilen 8 dereje aralygynda saklanýar.

“Covavax” sanjymy BSGG-nyň tassyklap alýan 9-njy COVID-19 sanjymydyr.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, BSGG Hindistanyň “Bharat Biotech” kompaniýasy tarapyndan öndürilen “Covaxin” sanjymyny tassyklapdy.

 

Halkara uçar biletleri barada

Related posts

Mart aýy üçin uçar biletleri satylyp başlandy :Russiýadan Türkmenistana

Ýerli ýolagçy howa gatnawlarynyň täze tertibi

Türkmenistan-Türkiýe ugry: köp sanly uçar gatnawlary göz öňünde tutulýar