TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Braziliýa-Argentina duşuşygy yza süýşürildi

2022-nji ýylda Katarda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň saýlama oýunlarynyň çäginde guralan Braziliýa-Argentina duşuşygy, argentinaly futbolçylaryň Braziliýa girenlerinde “Covid-19” ýokanjyna garşy düzgünlerini bozandygy sebäpli ýatyryldy.

Braziliýanyň Sao Paulo şäherindäki “Korintianos” stadionynda geçirilen duşuşyk ýurduň saglyk ulgamyny düzgünleşdiriji “ANVISA” edarasynyň wekilleriniň meýdança gireninden soňra 6-njy minutda saklandy.

Ygtyýarly wekiller Angliýanyň “Premýer-liga” futbol çempionatynda oýnaýan dört argentinaly futbolçynyň karantin düzgünlerini bozandygyny öňe sürdüler.

Şeýlelikde, duşuşyk togtadylyp, futbolçylar meýdançany terk etdiler. Oýun togtadylandan bir sagat töweregi wagt geçensoň, Günorta Amerikanyň Futbol federasiýasy duşuşygyň eminleriň karary bilen yza süýşürilendigini habar berdi.

Braziliýanyň saglyk işgärleri, oýundan birnäçe sagat öň Angliýanyň “Premýer-ligasy” çempionatynda çykyş edýän dört argentinaly futbolçynyň karantin çärelerini berjaý etmelidigini mälim etdi.

Bu oýunçylar “Aston Villa” toparyndan Emiliano Buendia, Emiliano Martinez hem-de “Tottenham” toparyndan Jowani lo Selso we Kristian Romerodyr. Bularyň üçüsi bu duşuşykda oýna goýberilipdi.

Braziliýanyň “Covid” düzgünlerine görä, Angliýadan gelýän ýolagçylar ýurda gireninden soňra 14 gün karantinada bolmalydyr.

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we ýyldyz futbolçysy Lionel Messi: “Üç gün ozal gelenimizde bizi yzyna iberip bilerdiler, näme üçin oýnuň başlamagyna garaşdylar? Bu masgaraçylyk” diýip belledi.

 

Italiýa ýeňilmezek rekordyny öz adyna geçirdi

 

Ýene-de okaň

Katar-2022: nobat 1/8 finalda

Katar-2022: Günorta Koreýa Portugaliýany ýeňip, 1/8 finalda

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Teswirle