SPORT

Italiýa ýeňilmezek rekordyny öz adyna geçirdi

Italiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy ýeňilmezek rekordyny öz adyna ýazdyrdy. Birnäçe gün özal beren habarymyzda, Italiýa mundan ozal şeýle rekordyň eýesi bolan Braziliýanyň hem-de Ispaniýanyň 35 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýän rekordyny gaýtalapdy.

Bu gezek Italiýanyň ýygyndysy ýeňilmän gelýän duşuşyklarynyň sanyny 36-a çykaryp, rekordy öz adyna ýazdyrdy. Bu ýagdaý Italiýanyň ýygyndysy bilen Şweýsariýanyň ýygyndysynyň arasynda Katarda geçiriljek 2022-nji dünýä çempionatynyň saýlama duşuşygyndan soňra mälim boldy.

Tälimçi Roberto Mançininiň ýolbaşçylygynda ýeňilmezek duşuşyklarynyň sanyny 36-a çykaran Italiýa Şweýsariýa bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnady.

Mälim bolşy ýaly, 35 duşuşyklyk ýeňilmezek rekordyny 1993-1996-njy ýyllarda Braziliýanyň ýygyndysy, 2007-2009-njy ýyllarda Ispaniýanyň ýygyndysy eýeläpdi.

Soňky gezek Italiýanyň ýygyndysy 2018-nji ýylyň sentýabrynda Portugaliýanyň ýygyndysyndan 1:0 hasabynda ýeňlipdi.

2018-nji ýylyň maý aýynda Italiýanyň tälimçisi wezipesine bellenen Roberto Mançiniden soňra şeýle uly üstünlige ýeten Italiýanyň ýygyndysy 36 duşuşygyň 29-ynda ýeňiş gazanyp, 7 duşuşygy deňme-deň oýnady.

Mundan soňra Ýewropa -2020 futbol çempionatynyň ýeňijisi Italiýanyň ýygyndysyna ýeňilmän halatynda bu rekordyny has-da güýçlendirmek galýar.

 

 

Ýene-de okaň

“Real Madrid” – dünýäniň iň gymmat topary

Ýamalyň goly Ýewropa çempionatynyň iň owadan goly boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň üçünji aýlawy 16-njy awgustda başlanar

Mbappe: men bagtly oglan, “Realda” oýnamak arzuwym hasyl boldy

Ata Watan Eserleri

Garet Sautgeýt Angliýanyň tälimçisi wezipesinden gitdi

“Real Madrid” topary Kilian Mbappeni tanyşdyrdy

Ata Watan Eserleri