TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Birža täzelikleri: polipropilen we polietilen satyn alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň72-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gonkongyň, Maltanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, nebit koksuny, ýangyç mazudyny, arassalanmadyk parafini, şeýle hem Russiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Ukrainanyň, Polşanyň, Owganystanyňişewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň degişli kärhanasynda öndürilen polietileni, tehniki ýody, polipropileni satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Türkiýäniň, Russiýanyň, BAE-niň, Maltanyň, Ermenistanyň, Polşanyň, Owganystanyň işewürleri nah ýüplügini, el halylaryny, jins matalaryny, tekiz boýalan žakkard tüýjümek önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 96 million 537 müň dollaryndan gowrak boldy. Hindistanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Owganystanyň telekeçileri bahasy 37 million 177 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi, el halylaryny satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy ABŞ-nyň 23 müň dollaryna golaý bolan portland sementi, şeýle hem bahasy 4 million 303 müň manada golaý bolan ýokary dykyzlykly polietileni hem-de el halylaryny satyn aldylar.

 

“Talyp gözeli – 2022” atly gözellik bäsleşigi yglan edildi

Ýene-de okaň

Bitaraplyk — buýsanjymyz, bagtymyz» atly täze möhletli goýum

Awtomobil: Ýygymlaryň möçberleri üýtgedi

Baş Redaktor

Türkmenistan Merkezi Aziýa maýa goýum forumyna gatnaşýar

Teswirle