DÜNÝÄ

Bir gezeklik torbalara töleg girizýär

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäheriniň häkimiýeti 2022-nji ýylyň 1-nji iýulyndan dükanlarda, restoranlarda, dermanhanalarda we internet dükanlarynda ulanylýan bir gezek plastik torbalar üçin töleg girizýändigini mälim etdi.

Bu çäre daşky gurşawy goramak hem-de şäheriň ýaşaýjylaryny plastik torbalary ulanmakdan ýüz öwürmek maksady üçin geçirilýär.

Bir gezek plastik torbalar üçin töleg tarifi 25 emirat filsi – ýagny, takmynan t sent bolar. Ýene-de 2 ýyldan Dubaýyň häkimiýeti plastik torbalary doly ulanmakdan ýüz öwürmegi maksat edinýär.

Plastik torbalaryň ýaramaz täsirleri barada hem birnäçe maglumatlar berildi. Hususan-da, pyşbagalaryň 86 göteriminiň, düýeleriň takmynan 50 göteriminiň plastik torbalary iýmek arkaly ýok bolup gidýändigi bellenildi.

 

Messi bilen Ronaldo bir toparda oýnap bilerler

Ýene-de okaň

Türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň habar beriş we kommunikasiýa ugrunyň mümkinçiliklerine seredildi

Türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan ilkinji gezek Täze Zelandiýa ilçi belledi

Türkmenistan bilen Botswananyň ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Horwatiýanyň daşary işler ministri Türkmenistanda saparda bolar

AIIB-niň ýolbaşçysy Awazadaky foruma gatnaşar

Ata Watan Eserleri