TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Messi bilen Ronaldo bir toparda oýnap bilerler

Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparynyň portugaliýaly hüjümçisi Kristiano Ronaldo Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” toparyna geçip biler. Şeýle şerti fransiýaly hünärmen Zinedin Zidan goýdy. Oňa fransuz toparyna tälimçi wezipesi teklip edildi.

“Marca” neşiriniň habaryna görä, Fransiýanyň topary şu möwsümiň ahyrynda häzirki tälimçisi Maurisio Poçenttino bilen şertnamasyny ýatyrmak isleýär. Onuň ýerine Zidanyň geçmegine garaşylýar. Zidanyň şerti hem Ronaldonyň satyn alynmagy bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, Zidan “Real Madrid” toparynyň tälimçisi wezipesini taşlandan bäri işsiz. Ol bu toparda Ronaldo bilen işleşdi. Ronaldo hem “Mançester Ýunaýted” toparyna gaýdyp gelen hem bolsa, toparyň ýagdaýyndan hoşal däl we täze teklipleri garamaga taýýar.

Eger Ronaldo “PSŽ” toparyna gelen halatynda onda Lionel Messi bilen topardaş bolar. Dünýäniň iň güýçli 2 futbolçysy bir toparda çykyş etmek mümkinçiligine eýe bolar.

Pekin-2022: Olimpiadanyň 3-nji gününiň medal sanawy

Ýene-de okaň

Messi PSŽ bilen hoşlaşdy

Al-Ittihad topary Benzema bilen şertnama baglaşdy – Al Ekharabiýa

Real Eden Hazard bilen şertnamasyny bes etdi

Teswirle