SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Bill Geýts “omikron” çaklamasy

ABŞ-ly milliarder Bill Geýts koronawirusyň “omikron” görnüşi barada özüniň “Twitter” jemgyýetçilik torundan beýan bilen çykyş etdi. Ol hususan-da, öňümizdäki birnäçe aýyň kyn geçjekdigini, ýanwar aýynda “omikron” görnüşi bilen kesellänleriň sanynyň artjakdygyny belledi.

“Microsoft” kompaniýasynyň esaslandyryjysy “omikron” görnüşiniň mart aýyna çenli tamamlanjakdygyny belläp, örtük dakynmak hem-de sanjym bolmak ýaly ädimleriň ädilmegi bilen pandemiýanyň 2022-nji ýylyň ahyrynda aradan aýryljakdygyny mälim etdi.

Geýts koronawirus ýokanjynyň “omikron” görnüşi sebäpli dynç alyş meýilnamalaryny ýatyrandygyny belläp, täze görnüşiň ýaýramagynyň depgininiň mart aýyna çenli azaljakdygyna ynam bildirdi.

Ol öňümizdäki birnäçe aýyň kyn geçjekdigini göz öňünde tutup, munuň üçin taýýarlyk çärelerini görmegiň zerurdygyny belledi.

Örtük dakynmagyň dowam etdirilmeginiň hem-de sanjym bolmagyň ähmiýetini nygtan Geýts dogry ädimleriň ädilmegi bilen pandemiýanyň 2022-nji ýylda tamamlanjakdygyny mälim etdi.

– Adaty durmuşa dolanarys diýen wagtymyz pandemiýanyň iň kyn döwrüni başdan geçirýän bolup bileris – diýip bellän Bill Geýts munuň üçin degişli öňüni alyş çäreleriniň geçirilmeginiň möhümdigini belledi.

Saglygy goraýyş hünärmenleri “Omikron” -yň ýanwar aýynda iň ýokary derejä çykjakdygyny çaklaýarlar. ABŞ-nyň Milli allergiýa we ýokanç keseller institutynyň müdiri Dr. Entoni Fauki wariantyň “görlüp-eşidilmedik” tizlikde ýaýrandygyny, ýöne bu tizligiň ýagdaýy wirusa garşy öwrüp biljekdigini aýtdy. Munuň üçin sanjym işleriniň dowam etdirilmelidigini belledi.

 

Türkiýede ýerli sanjym ulanylyp başlar

Ýene-de okaň

Türkmenistanly raýatyň çagasy Minskde 2026-njy ýylyň ilkinji täze doglan çagasy boldy

Beýik Britaniýa zyýanly iýmitleriň mahabatyny gadagan etdi

Täze ýylyň ilkinji çagalary: Merkezi Aziýa ýurtlarynda çaga dogluşynyň ösüşi

Özbegistanda Täze ýylyň ilkinji gününde 1815 çaga dünýä indi

Türkiýe hytaýly syýahatçylar üçin wizany ýatyrdy

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Abu-Dabi ugruna gatnawlaryň sanyny artdyrýar