JEMGYÝET

Biler bolsaňyz: tiz ereýän kofe däneleri nähili döredilipdir?

Tiz ereýän kofe dänelerini döretmäge bolan ilkinji synanyşyk 1890-njy ýylda täze zelandiýaly Dewid Strang tarapyndan amala aşyrylypdyr.

XX asyryň başlarynda, angliýaly Jorj Konstant Waşington şeýle içginiň köpçülikleýin önümçiligini ýola goýmaga synanyşýar. Emma hakyky «kofe ynkylabyny» geçen asyryň otuzynjy ýyllarynda «Nestle» kompaniýasynyň tehnology Maks Morgentaler edýär.

Munuň sebäbi Braziliýanyň kofe ekijileriniň kyn ykdysady ýagdaýydy. Braziliýada bol kofe hasyly önümleriň bahasynyň arzanlamagyna we ony satjak ýeriň galmandygyna sebäp bolupdyr. Kofe dänelerini-de uzak wagtlap saklamak kyn bolupdyr. Şol döwürde «Nestle» kompaniýasynyň işgäri Maks Morgentaler öz hasabyna kofe dänelerini satyn alýar.

Aradan iki ýyl geçip, Morgentaleriň işleri üstünlikli tamamlanýar. 1938-nji ýylyň 1-nji aprelinde «Nescafe» atly adaty bolmadyk içgi satuwa çykarylýar.

ABŞ beýleki ýurtlara waksina kömegini berer

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Ýusuf Azmun: täze kitap iňlis we türkmen dili üçin gymmatly gollanma

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

Gruziýa türkmen gazyny we nebitini üstaşyr geçirmekde goldaw bermäge taýýar

Türkmenistan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy