DÜNÝÄ

ABŞ beýleki ýurtlara waksina kömegini berer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Adanom Gebreýesus ABŞ-nyň hökümetiniň iýun aýynyň ahyryna çenli koronawirus ýokanjyna garşy takmynan 80 million doza waksinany beýleki ýurtlara ibermek baradaky kararyna ýokary baha berlendigini belledi. Ol bu barada özüniň “Twitter” jemgyýetçilik torunda belläp geçdi.

– Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň [Jo Baýden] we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümetiniň waksina zerurlygy duýulýän ýurtlara 80 million doza COVID-19 sanjymyny bermek baradaky çözgüdini goldaýarys. Global saglyga ygrarlydygyňyza çuňňur minnetdarlyk bildirýäris – diýlip, bellenilýär.

Ak Tamyň metbugat sekretary Jen Psaki ABŞ-nyň iýin aýynyň ahyryna çenli 80 million doza waksinany iberjekdigini mälim edipdi.

ABŞ-da köpçülikleýin sanjym kampaniýasy döwründe 274 million 411 müň-den gowrak dozada waksina ulandy. Şonuň netijesinde, ýurduň ilatynyň 157 milliondan gowragy azyndan sanjymyň bir dozasyny aldy. 123 milliondan gowrak adamyň doly sanjym edilendigini mälim edildi.

ABŞ-da “Moderna” hem-de “Pfizer” sanjymlary ulanylýar. Şeýle hem bir dozasy göz öňünde tutulan “Johnson & Johnson” waksinasy hem peýdalanylýar.

Golaýda ABŞ-nyň Kesellere garşy gözegçilik we öňüni alyş merkezi koronawirus ýokanjyna garşy doly sanjym edilen amerikalylaryň ähli ýagdaýlarda diýen ýaly örtük geýmekden ýüz öwrüp biljekdigini habar beripdi.

 

Adam hukuklaryna bagyÅŸlanan maslahat

 

Ýene-de okaň

33 döwlet BRIKS sammitine gatnaşmagy tassyklady

Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara forum boýunça brifing geçirildi

Türkmen-koreý ikinji geňeşme maslahaty geçirildi

Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Täjigistanda saparda boldular

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy