SPORT

“Bellator 269”: Ýemelýanenko ýeňiş gazandy

Russiýaly türgen Fedor Ýemelýanenko “Bellator 269” ýaryşynyň çäklerinde amerikaly garşydaşy Timoti Jonsony ýeňmegi başardy.

Rus türgen amerikaly garşydaşyny birinji döwüň 1 mintu 46 sekundynda ýere sermegi başardy.

Fedor Ýemelýanenkonyň bu ýeňşindne soňra “Bellator” ýaryşlarynyň ýolbaşçysy Skott Koker onuň “Bellator” ýaryşlarynda agyr agramdaky türgenleriň ilkinji 10-lygynda orun aljakdygyny belledi.

Häzirki wagtda Ýemelýanenkonyň MMA ýaryşlarynyň çäklerinde 40 ýeňşi bar. Ol bu ýaryşlarda 6 gezek ýeňildi. Rus türgeni “Bellator” ýaryşlarynda 6 tutuluşyga çykyp, onuň 4-ünde ýeňiş gazanyp, 2-sinde ýeňlipdi.

 

Özbegistanda prezident saýlawlary geçirilýär

Ýene-de okaň

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

«Barselona» topary Entoni Gordony satyn aldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankulyýew WBC Eurasia çempiony boldy

Messi 6-njy gezek futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Gurban Berdiýew “Spartak” toparyna tälimçi bolmandygyna ökünýär

“Kristal Pelas” UEFA-nyň Konferensiýa ligasynyň kubogyny gazandy