TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

“Bawariýa” 10-njy gezek Germaniýanyň Superkubogyny gazandy

Düýn gije Ýewropanyň öňdebaryjy futbol çempionatlarynda Superkubogy gazanmak ugrunda duşuşyklar geçirildi. Angliýada, Germaniýada, Niderlandrlarda we Gresiýada Naýbaşy kubogyň duşuşyklary oýnaldy.

Germaniýanyň Superkubogy ugrundaky ýaryşda “Bawariýa” bilen “Leipsig” toparlary duşuşdy. Germaniýanyň soňky döwürdäki iň güýçli toparlaryndan “Bawariýa” 5:3 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy.

“Bawariýalylar” duşuşygyň birinji ýarymynda 14-nji minutda Musiala, 31-nji minutda Sadio Mane we 45-nji minutda Pawaryň gollary bilen 3:0 hasabynda öňe saýlandy.

Leýpsig şäherinde geçirilen duşuşykda “Leipsig” topary duşuşygyň ikinji ýarymynda 59-njy minutda Halstenbergiň, 77-nji minutda Nkunkunyň we 89-nji minutda Olmonyň gollary bilen 3 gol geçirendigine garamazdan, 65-nji minutda Gnabri we 90-nji minutda Saneniň gollary bilen “Bawariýa” 10-njy gezek Superkobugy gazanmagy başardy.

“Bawariýanyň” 10-njy gezek Superkubogy gazanan duşuşygynda “Liwerpuldan” satyn alnan Sadio Maneniň hem tapawutlanmagy janköýerleri begendirdi.

“Bawariýa” topary 10-njy gezek bu arzyly kubogy gazanmak bilen milli rekordy goýdy.

 

Angliýanyň “Naýbaşysy” – “Liwerpul”

Ýene-de okaň

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Messi ilkinji üçlükde

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Teswirle