SPORT

Angliýanyň “Naýbaşysy” – “Liwerpul”

Angliýanyň Superkubogyny eýelemek boýunça geçirilen futbol duşuşygynda “Mançester Siti” topayr bilen “Liwerpul” topary duşuşdy. “Liwerpul” topary 3:1 hasabynda ýeňip, 16-njy gezek Angliýanyň Superkbogyny eýeledi.

“Liwerpul” toparynyň düzüminde Aleksandr Arnold, Muhammed Salah we topara täze goşulan Darwin Nunýes tapawutlandy. “Siti” toparynyň hem ýeke-täk goluny toparyň täze oýunçysy Alwarez tapawutlandy.

Şeýlelikde, “Liwerpul” topary 16-njy gezek Angliýanyň Superkubogyny eýeledi we bu ýaryşda “Arsenal” topary bilen deňleşdi. Angliýanyň Superkubogyny iň köp gazanan topar “Mançester Ýunaýted” toparydyr. Bu topar 21 gezek Naýbaşy kubogyň eýesi boldy.

“Liwerpul” toparynyň tälimçisi Ýurgen Klopp ilkinji gezek Angliýanyň Superkubogyny eýeledi, umumylykda Kloppyň tälimçi hökmünde eýelän kuboklaryň sany 12-ä deň boldy. Nemes hünärmeni bu kuboklaryň 7-sini “Liwerpul” topary bilen gazandy.

Umuman, “Liwerpul” topary 5-nji awgustda badalga aljak Angliýanyň “Premýer liga” futbol çempionatyna kubok bilen başlaýar.

Superkubok ugrundaky ýaryş ilkinji gezek meşhur “Uembli” stadionynda däl-de, Lester şäherindäki stadionda oýnaldy.

“Uembli” stadiony şu gün geçirilýän Angliýa bilen Germaniýanyň zenanlarynyň arasyndaky futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň finaly üçin taýýar edildi.

 

Ýene-de okaň

Messiniň rekordy, Argentinanyň ynamly ýeňşi

Germaniýadan soňra Ispaniýa 1/8 finala çykdy

Ata Watan Eserleri

Gurban Berdiýewe «Dagystan Respublikasynyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly at berildi

Kopa Amerika başlaýar: Messi meýdança çykýar

Germaniýa ilkinji bolup, 1/8 finala çykdy

Ata Watan Eserleri

Ronaldonyň we Portugaliýanyň täze rekordlary