Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi ulag we kommunikasiýa pudagynyň işgärleri üçin Daşoguz şäherinde ähli amatlyklary bolan 4 gatly, 32 öýli 4 sany hem-de 4 gatly, 24 öýli 8 sany ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2022-nji ýylyň 15-nji iýulyna çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.

 

«Petronas» işe çagyrýar