MEDENIÝET

Bäş ýaşly gyzjagaz kitap ýazyp, dünýä rekordyny goýdy

Bäş ýaşly gyzjagaz Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bella Jeý Dark atly gyz kitap ýazyp, dünýäniň iň ýaş ýazyjysy hökmünde rekordlar kitabynda öz mynasyp ornuny aldy. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi sahypasynda bellenilip geçilýär.

Bu gyzjagazyň ýazan kitaby “Ýiten pişik” diýlip atlandyryldy. Bu kitap 1 müňden gowrak ekzemplýar bilen çap edildi. Kitabyň nusgalarynyň ýaýradylmagy üçin gyzjagaza ejesi Çelsi kömek etdi. Ol öz gyzy bilen buýsanýandygyny belledi.

– “Ýiten pişik” atly kitapda köçede azaşan öý haýwany barada gürrüň edilýär. Ondan pişijegiň ejesi ýanynda bolmazdan, nätanyş ýerlerde gezmeli däldigi ýatladylýar – diýlip bellenilýär.

Gyzjagazyň ejesi Çelsiniň aýtmagyna görä, gyzjagaz bu kitabynda öz eli bilen suratlar çekipdir. Çelsi gyzynyň bu kitabyny dowam etdirjekdigine ynanýar.

 

Dünýä çempionaty ilkinji gezek 3 ýurtda geçiriler

Related posts

Türkmenistanda Molla Ependi hakda film ýaýlyma çykarylar

2022-nji ýyl üçin «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigi yglan edildi

Türkmenistan «Gorkut ata» kinofestiwalyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri