BIZNES

Baku ― Tblisi ― Jeýhan akymy boýunça daşalýan türkmen nebitiniň mukdary artýar

Baku ― Tblisi ― Jeýhan akymy bilen Türkiýäniň Jeýhan deňiz portuna 2006-njy ýyldan bäri getirilýän nebitiň mukdary 482 million tonnasy daşaldy. Bu barada «Anadolu Ajans» habar berýär.

Neşiriň ýazyşy ýaly, bu mukdarda türkmen nebitiniň hem uly paýy bar.

«British Petroleum» kompaniýasynyň Azerbaýjandaky merkezi edarasyndan berlen maglumata görä, bu akym boýunça 2021-nji ýylyň ilkinji üç aýynda 6,7 million tonna (51 million barrel) nebit daşaldy. Şunda uly mukdar türkmen nebitine hem degişlidir.

Ýeri gelende aýtsak, Jeýhan porty 2006-njy ýyldan bäri işläp gelýär. Jemi 1768 kilometre uzaýan Baku ― Tbilisi ― Jeýhan akymy boýunça Azerbaýjanda, Russiýada we Gazagystanda gazylyp alnan nebit hem daşalýar.

 

Şa aýalyň lybaslary hem satylar

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan-Gruziýa ulag hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkiýäniň ministri: özara söwdanyň möçberini 5 milliard dollara ýetirmek üçin tagalla ederis

Türkmenistanda ýanwar aýy boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Täze «Kenar» duralgasy TNGIZT-niň eksport mümkinçiliklerini artdyrdy

“Merkezi Aziýa-ABŞ” işewürler forumy geçirilýär

“Merkezi Aziýa-ABŞ” işewürlik forumy Bişkekde geçiriler