DÜNÝÄ

Azerbaýjan bilen Kataryň arasynda wiza ýatyryldy

Azerbaýjanyň hökümeti bilen Kataryň hökümeti umumy raýat pasportlary bolan adamlar üçin wizalary özara ýatyrmak barada şertnama baglaşdy. Bu barada azerbaýjan metbugaty habar berýär.

Katar Döwletiniň wise-premýeri, daşary işler ministri Şeýh Muhammed bin Abdulrahman al-Tani Azerbaýjanda resmi saparda boldy. Kataryň ministri özüniň azerbaýjanly kärdeşi Jeýhun Baýramow bilen duşuşdy.

Şol duşuşykda iki ýurduň daşary işler ministrleri özara wizalaryň ýatyrylmagy hakyndaky ylalaşyga gol çekdiler.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginiň beren beýanatyna görä, duşuşygyň dowamynda ministrler sebit meseleleri we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibi degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem ministrler iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek, ykdysadyýet, söwda, özara maýa goýumlary, alternatiw energiýa, ulag, syýahatçylyk we beýleki ugurlarda bar bolan hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Awtoulag habarlary: Maýami halkara awtosergisi açyldy

 

Ýene-de okaň

Beýonse milliarder aýdymçylaryň hataryna goşuldy

Türk aýdymçy: türkmen sahnasynda çykyş etmek örän ýakymly

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýa wiza almakda ýeňillik döredildi

Rus aýdymçynyň Aşgabatda şowhunly konserti geçirildi

Ata Watan Eserleri

Araş Aşgabatda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli konsert berdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Özbegistana sapary