TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Awtoulag habarlary: Maýami halkara awtosergisi açyldy

ABŞ-nyň Florida ştatynyň Maýami şäherindäki “Miami Beach Convention Center”-da halkara awtoulag sergisi başlady. 24-nji oktýabra çenli dowam etjek sergide täze modeller bilen bir hatarda klassyk awyoulaglar hem görkeziler. Serginiň geçen ýylkysy koronawirus pandemiýasy sebäpli şu ýyla geçirilipdi.

“Corvette Stingray” modeli serginiň resmi şou-ulagy hökmünde köpçülige görkezilýär. Bu ulag amerikan awtoulag dizaýnynyň, kuwwatynyň we tehniki ugurtapyjylygynyň simwoly hasaplanýar. Serginiň ýatlamalar geçelgesinde 1953-nji ýylyň “Chevrolet Corvette” modeli görkezilýär.

Sergide “Nissan Z” sport ulagynyň 2023-nji ýyla degişli modeli, “Toyota Corolla Cross SUV”-yň indiki ýylky nusgasy, “Lamborghini”, “McLaren”, “Mercedes” ýaly daşary ýurt brendleri bilen bir hatarda “Mustang”, “Ford” we “Corvette” ýaly ulaglar hem görkezilýär. Serginiň myhmanlary lager jiplerine has köp gyzyklanma bildirýärler.

***

“BMW” we Bill Geýts elektrik ulagynda birleşýär

ABŞ-nyň Miçigan şäherinde ýerleşýän täze döredilen elektrik awtoulag akkumulýator ulgamy kompaniýasy nemes awtoulag ägirdi “BMW” we Bill Geýtsiň “Breakthrough Energy” kompaniýasynyň maýa goýumlaryna eýe bolandygyny habar berdi.

“Our Next Energy” kompaniýa elektrikli awtoulaglaryň batareýasynyň diapazonyny takmynan 1200 kilometre çenli ýokarlandyrmak maksady bilen, ilkinji tapgyrda jemi 25 million dollar maýa goýum çekdi.

Çikagoda ýerleşýän “Volta Energy Technologies”, “BMW iVentures”, Detroýtda ýerleşýän assambleýa kärhanalary we “Argonne” milli barlaghanalary bilen hyzmatdaşlyk eden bu kompaniýa önümçiliginiň gerimi giňelder.

***

Mikroçip öndürýän “TSMC” Ýaponiýada zawod gurýar

Mikroçip önümçilik pudagynyň öňdebaryjylaryndan biri bolan Taýwan ýarymgeçiriji (TSMC) 2022-nji ýylda Ýaponiýada çip öndürýän zawod döreder. Taýwanda ýerleşýän “TSMC” kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory (CEO) C. C. Wei onlaýn maýa goýum konferensiýasynda eden çykyşynda täze maýa goýumlary barada gürrüň berdi.

2022-nji ýylda Ýaponiýada ösen mikroçip öndürýän zawod gurjakdyklaryny we desganyň 2024-nji ýylda ulanylmaga beriljekdigini mälim eden baş direktor Wei: “Bu taslamany goldamak üçin Ýaponiýanyň hökümeti we müşderilerimiz tarapyndan berk borçnamalar aldyk” -diýdi.

Wei, kompaniýanyň önümçilik desgalarynyň dünýä gerimini giňeltmek bilen, mümkinçiliklerini artdyrjakdygyny we müşderileriniň isleglerini kanagatlandyrjakdygyny aýtdy. TSMC-iň takmynan 1 trillion ýen (8,8 milliard dollar) maýa goýjak taslamasyna Ýaponiýanyň hökümetiniň hem maliýe goldawyny berjekdigi habar berildi.

 

19-njy oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Ilkinji türkmen antiwirusy tanyşdyryldy

Teswirle