TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Äýnek barada biläýmeli zatlar

Ilki görmek kyn düşýän zatlary görmegi ýeňilleşdirmek üçin döredilen äýnekler wagtyň geçmegi bilen kämilleşdirildi. Häzirki wagtda günüň ýiti şöhlesinden, kompýuteriň ekranyndan göreçlerimizi goramak üçin hem äýnekleriň dürli görnüşleri bar. Ilki-ilkiler äýnegi oýlap tapan adamlar onuň ýasalyşyny syr saklamaga çalşypdyrlar. Emma bu olara başartmandyr.

Alymlaryň tassyklamagyna görä äýnegiň aýnasynyň mundan 4500 ýyl ozal oýlanyp tapylypdyr. Miladydan öňki 1000-nji ýyllarda lupa hökmünde ulanylan taryhy tapyndylar ýüze çykypdyr.

Taryhda ilkinji äýnek 1280-nji ýylda Armati atly italýan fizigi tarapyndan oýlanyp tapylypdyr.

Häzirki zaman äýnegiň ilkinji görnüşini Rojer Bekon oýlap tapypdyr. Belläp geçmeli zatlaryň biri hem ilki bu aýnek el bilen tutulýan “Iorgnette” görnüşinde bolupdyr.

1730-njy ýylda Edward Skarlet gozganmaýan äýnek sapyny oýlap tapypdyr. Şeýlelikde, ilkinji äýnek oýlap tapylandan 350 ýyl soň ýüzüň ortasynda durýan görnüşe getirilýär.

Ilkinji äýnek dükany 1783-nji ýylda ABŞ-yň Filadefiýa ştatynda Frensis Mak Alister tarapyndan açylypdyr.

Seýli Aryşow

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.

 

Türkiýe Garaşsyzlyk gününi belleýär

Ýene-de okaň

Milli ykdysadyýetiň ösüşli ýoly

Döredijilik işgärleri bilen duşuşyk

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze derejesi

Teswirle