BILIM

Aýda 1700 ýewro talyp haky bilen Fransiýada okamak isleýäňizmi?

Fransiýa daşary ýurtly talyplary «Eiffel Excellence Scholarship» atly talyp hakly maksatnama esasynda magistratura we doktorantura okuwa çagyrýar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web saýtynda habar berilýär. Habarda bellenişine görä, bu maksatnamanyň esasy maksady fransuz ýokary bilimini ösdürmekden we daşary ýurtly talyplara Fransiýada bilim bermekden we medeni alyş-çalşa höweslendirmekden ybaratdyr.

Maksatnama aýlyk talyp hakyny, ýol gatnawlarynyň töleglerini, goşmaça syýahat ýeňilliklerini, saglyk ätiýaçlandyrylyşyny we başga-da köp ýeňillikleri hödürleýär.

Okuwlaryň dowamlylygy hünärine baglylykda magistraturada 1-2 ýyla, doktoranturada 3 ýyla barabardyr. Maksatnama gatnaşmak isleýän dalaşgär azyndan 25 ýaşynda bolmaly. Maksatnama goşulsaňyz, magistrler her aýda 1181 ýewro, doktorantlar 1700 ýewro pul serişdesi bilen üpjün ediler.

Maksatnama bilen doly tanyşmak isleýän bolsaňyz, şu ýere basyň!

Arzaňyz bilen 2023-nji ýylyň 10-njy ýanwaryna çenli ýüz tutup bilersiňiz.

Biz saýtymyzda Size şeýle hem Türkiýäniň talyp haky baradaky habary ýetiripdik. Ol habaryň linkini bu habaryň ahyryna ýerleşdirýäris.

 

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Fransiýa we Türkiýede bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Fransiýada, Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat”  Terjime Merkezi

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron pçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

“Türkiye Bursları 2023” talyp haky maksatnamasy baÅŸlaýar

Ýene-de okaň

Türkiýäniň halkara abraýly uniwersitetleri : THE 2026 sanawy

Dr.Döwran Orazgylyjov

“Times Higher Education”: dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň reýtingi-2026

Ata Watan Eserleri

Gazak milli mugallymçylyk uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Aziýa uniwersitetleriniň arasynda iň gowy sekizlige saýlandy

Türkmenistan-Katar: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk giňeldilýär

Halkara olimpiadada medal gazanan okuwçylar sylaglandy